Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

JW LIBRARY

Mukaddes Kitapdan ýa-da edebiýatlardan gözleg geçirmek. Android

Mukaddes Kitapdan ýa-da edebiýatlardan gözleg geçirmek. Android

«JW Library» programmasynyň gözleg funksiýasy arkaly Mukaddes Kitapdan ýa-da edebiýatlardan käbir sözi ýa-da jümläni tapyp bolýar.

Gözleg geçirmek üçin aşakdaky görkezmelere eýeriň.

 Mukaddes Kitapdan gözleg geçirmek

Siz Mukaddes Kitapdan okan sözüňizi ýa-da jümläňizi tapmak üçin gözleg geçirip bilersiňiz.

Mukaddes Kitap bölüminde Gözleg düwmesine basyň, soňra gözleýän sözüňizi ýazyň. Ýazyp başlanyňyzda birnäçe sözler çykar. Netijesini görmek üçin ýazylan sözüň birine ýa-da klawiaturadaky Girmek düwmesine basyň.

Köp ulanylýan aýatlar bölüminde gözleýän sözüňizi köp okan aýatlaryňyzdan görkezýär. Ähli aýatlar bölüminde gözleýän sözüňizi Mukaddes Kitabyň tertibine görä görkezýär. Makalalar bölüminde gözleýän sözüňi Ýazgylaryň giriş sözlerinden we goşmaça maglumatyndan görkezýär.

Eger-de siz birnäçe sözi ýazan bolsaňyz, olaryň diňe bile gelýän ýerlerini görmek üçin Bütewi sözi gözle diýen düwmä basyň.

 Edebiýatdan gözleg geçirmek

Siz häzirki okaýan edebiýatyňyzdan söz ýa-da jümle gözläp bilersiňiz.

Okaýan wagtyňyz Gözleg düwmesine basyň, soňra tapmak isleýän sözüňizi ýazyň. Ýazyp başlanyňyzda birnäçe sözler çykar. Netijesini görmek üçin ýazylan sözüň birine ýa-da klawiaturadaky Girmek düwmesine basyň.

Tema boýunça gözleg geçirmek

 Eger «Ýazgylara düşünmek» kitaby ýüklenen bolsa, ondaky temalardan gözleg geçirip bolýar. Muny Mukaddes Kitaby ýa-da edebiýaty okanyňyzda hem edip bilersiňiz.

Gözleg düwmesine basyň, soňra gözleýän sözüňizi ýazyň. Ýazyp durkaňyz gözleýän sözüňize degişli wariantlary görersiňiz. Temany açmak üçin sözüň üstüne basyň.

Şu funksiýa 2014-nji ýylyň oktýabrynda çykan «JW Library» 1.3.4 wersiýasyna goşuldy. Ol Android 2.3 ýa-da ondan soňky wersiýalarynda işleýär. Eger siz şu funksiýalary görmeýän bolsaňyz, «JW Library» programmany ulanyň. Android» diýen makalanyň içindäki «Täze funksiýalar» diýen bölümde berilýän görkezmä eýeriň.