Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

JW LIBRARY

Teksti çyzyp bellemek. Android

Teksti çyzyp bellemek. Android

Siz «JW Library» programmasyndan okanyňyzda, sözleri ýa⁠-⁠da jümleleri çyzyp belläp bilersiňiz.

Teksti çyzyp bellemek üçin, aşakdaky görkezmelere eýeriň.

 Çyzyp bellemek üçin täze reňk

Tekstde çyzyp bellik etmegiň iki usuly bar.

Bellemek üçin bir sözüň üstüne basyp, biraz duruň, soňra belligiň gyrasyndan çekip, ony süýşüriň. Ekranyň ýüzüne çykýan menýudaky Bellemek düwmesine basyň. Soňra teksti çyzyp bellemek üçin bir reňki saýlaň.

Şeýle⁠-⁠de sözi ýa⁠-⁠da jümläni bellemek üçin bir söze basyp, barmagyňyzy aýyrman süýşüriň. Süýşüreniňizde tekstiň üsti çyzylar. Şonda ekranyň ýüzüne menýu çykar. Siz bu menýu arkaly reňki üýtgedip ýa⁠-⁠da ony aýryp bilersiňiz.

 Çyzan belligiňi üýtgetmek

Çyzyp bellän reňkiňizi üýtgetmek üçin, onuň üstüne basyň, soňra başga reňk saýlaň. Çyzyp bellän reňkiňizi aýyrmak üçin, onuň üstüne basyp, soňra Aýyrmak düwmesine basyň.

Şu funksiýa 2015⁠-⁠nji ýylyň noýabrynda çykan «JW Library» 1.6 wersiýasyna goşuldy. Ol Android 4.0 ýa⁠-⁠da ondan soňky wersiýalarynda işleýär. Eger siz şu funksiýalary görmeýän bolsaňyz, «JW Library» programmany ulanyň. Android» diýen makalanyň içindäki «Täze funksiýalar» diýen bölümde berilýän görkezmä eýeriň.