WATCHTOWER LIBRARY
Watchtower Library kitaphanany täzelemek
Watchtower Library programmasynda täzelemeleri Internet arkaly awtomatik ýagdaýda barlar ýaly etse bolýar ýa-da kitaphananyň edebiýatlaryny we makalalaryny Internetsiz täzeläp, ýagny täzeleme bukjasyny ýükläp bolýar.
Täzelemeleri awtomatik ýagdaýda ýüklemek
Watchtower Library kitaphanasy üçin edebiýatlaryň we makalalaryň täzelemelerini Internet arkaly barlamak üçin aşakdaky görkezmä eýerip bilersiňiz.
Watchtower Library programmasynda «Kitaphana» diýen bölüme basyp, sanawdan «Sazlamalar...» diýeni saýlaň. «Kitaphanany sazlamak» diýen penjire açylar.
«Kitaphanany sazlamak» diýen penjirede «Täzelemek» diýen bölümi saýlap, «Täzelemeleri awtomatik ýagdaýda ýüklemek» diýen ýerde bellik goýuň.
Internetde täzeleme çykanda, ony ýüklemegi teklip edýän penjire açylar. «Yes» diýen düwmä bassaňyz, Watchtower Library programmasy täzelemäni ýüklär we gurnar.
Watchtower Library üçin täzelemäni Internetsiz ýüklemek
Watchtower Library kitaphanasyna täzelemele bukjasyny Internetsiz hem ýükläp bilersiňiz. Soňky çykan täzelemäni eýýäm täzelenen Watchtower Library kitaphanasynda döredip ýa-da şu sahypadaky «Ýükläň» düwmä basyp ýükläp bilersiňiz.
Täzeleme bukjasyny döretmek
Täzeleme bukjasyny döretmek üçin aşakdaky ädimlere eýerip bilersiňiz:
Watchtower Library programmasynda «Kömek» diýen bölüme geçip, sanawdan «Internetsiz täzelemek» diýeni saýlaň we «Bukjany döretmek...» diýen ýazga basyň.
Täzeleme bukjasyny döretmek üçin, kompýuteriňizde bir ýeri saýlap, «Save» diýen düwmä basyň. Watchtower Library programmasy täzeleme bukjasyny döreder. Şol faýlyň adynyň soňy «.updatepkg» bilen gutarýar.
Täzeleme bukjasyny saýtdan ýüklemek
Aşakdaky düwmä basyp, siziň diliňizdäki Watchtower Library kitaphanasy üçin täzelemäniň çykandygyny barlaň. Eger täzeleme bar bolsa, kompýuteriňize ýükläp bilersiňiz.
Täzeleme bukjasyny kitaphana goşmak
Watchtower Library kitaphanasyny Internetsiz täzelemek üçin aşakdaky ädimlere eýerip bilersiňiz.
Watchtower Library programmasynda «Kömek» diýen bölüme geçip, sanawdan «Internetsiz täzelemek» diýeni saýlaň we «Bukjany goşmak...» diýen ýazga basyň.
Açylan penjirede soňy «.updatepkg» bilen gutarýan faýly tapyň we ony saýlap, «Open» düwmä basyň. Şonda Watchtower Library kitaphanasy täzelener.