Esasy materiala geçiň

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Ýaradylyşmy ýa-da ewolýusiýa taglymaty? 2-nji bölüm: Ewolýusiýa taglymatyna ynanmak dogrumy?

Ýaradylyşmy ýa-da ewolýusiýa taglymaty? 2-nji bölüm: Ewolýusiýa taglymatyna ynanmak dogrumy?

Aleksiň başy çaşdy. Ol hemişe Hudaýyň bardygyna we ähli zady onuň ýaradandygyna ynanýardy. Ýöne şu gün onuň biologiýa mugallymy ewolýusiýa taglymatynyň dogrudygyny, ylmy barlaglaryň netijesinde subut edilendigini aýtdy. Aleks muňa garşy çykmagy akylsyzlyk hasaplap: «Eger alymlar ewolýusiýanyň dogrudygyny subut eden bolsa, oňa garşy çykar ýaly men kim?» diýip oýlanýar.

 Şeýle ýagdaýda sen näme edersiň? Belki-de, sen şu wagta çenli Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, «Hudaýyň gögi we ýeri ýaradandygyna» ynanýansyň (Gelip çykyş 1:1). Ýöne soňky wagtda adamlar seni ewolýusiýa taglymatynyň dogrudygyna, ýaradylyşyň bolsa toslamadygyna ynandyrjak bolýarlar. Sen olara ynanarmyň? Eýsem, ewolýusiýa taglymatyna ynanmak dogrumy?

Ewolýusiýa şübhelenmegiň iki sebäbi

  1.    Alymlar ewolýusiýa barada dürli garaýyşda. Onlarça ýyl bäri geçirilýän barlaglara garamazdan, alymlar ewolýusiýa taglymaty babatda belli bir karara gelip bilmediler.

     Oýlanyp gör: Eger şol ugurda işläp ýören alymlar öz aralarynda belli bir netijä gelip bilmeýän bolsalar, onda sen ewolýusiýa taglymatyna ynansaň dogry bolarmy? (Zebur 10:4)

  2.   Nämä ynanýandygyň wajyp. Zakari atly oglan: «Eger ýaşaýyş öz-özünden dörän bolsa, biziň durmuşymyz we älem-jahandaky ähli zatlar manysyz bolardy» diýýär. Onuň aýdýanlary dogry. Eger ewolýusiýa taglymaty dogry bolsa, durmuşyň manysy bolmazdy (1 Korinfliler 15:32). Eger ýaradylyş dogry bolsa, biz diňe bir durmuşyň manysy baradaky soraglara kanagatlanarly jogap tapman, eýsem, gelejegimiz barada-da bileris (Ýermeýa 29:11).

     Oýlanyp gör: Ewolýusiýa ýa-da ýaradylyş baradaky hakykaty bilmeklik durmuşyňa nähili täsir edýär? (Ýewreýler 11:1)

Oýlanmak üçin soraglar

 GIŇDEN ÝAÝRAN DÜŞÜNJE: «Älem-jahan güýçli partlamanyň esasynda emele geldi».

  •   Muňa kim ýa-da näme sebäp boldy?

  •    Ähli zadyň öz-özünden emele gelmegi dogrumy ýa-da olary kimdir biriniň döredendigi?

 GIŇDEN ÝAÝRAN DÜŞÜNJE: «Adamlar haýwandan döredi».

  •   Eger adam haýwandan, ýagny maýmyndan dörän bolsa, onda näme üçin adam maýmyna garanyňda akyl taýdan has ukyply? a

  •   Näme üçin janly-jandarlaryň hatda iň «ýönekeýjesi» hem örän çylşyrymly? b

 GIŇDEN ÝAÝRAN DÜŞÜNJE: «Ewolýusiýa taglymaty delillere esaslanýar».

  •   Munuň dogrudygyna bu düşünjä eýerýän adamlaryň özleri göz ýetirdilermi?

  •   Adatça «bilimli adamlar ewolýusiýa taglymatyna ynanýar» diýýärler. Şeýle garaýyş sebäpli näçe adam ewolýusiýa taglymatyna ynanýar?

a Köpler adamyň beýnisi maýmynyňkydan uly bolandygy üçin akylly diýýär. Emma munuň beýle däldigi barada «Ýaşaýşyň gelip çykyşy baradaky bäş sorag» (rusça) atly broşýuranyň 28-nji sahypasyndan okap bilersiňiz.

b «Ýaşaýşyň gelip çykyşy baradaky bäş sorag» (rusça) atly broşýuranyň 8—12-nji sahypalaryna serediň.