Esasy materiala geçiň

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Ýaradylyşmy ýa-da ewolýusiýa taglymaty? 4-nji bölüm: Ýaradylyşa ynanýandygymy nädip düşündirerin?

Ýaradylyşmy ýa-da ewolýusiýa taglymaty? 4-nji bölüm: Ýaradylyşa ynanýandygymy nädip düşündirerin?

Mekdepde ewolýusiýa taglymaty barada öwredilýändir. Ýöne sen ýaradylyşa ynanýarsyň we bu barada mekdepde açyk aýdasyň gelýän däldir. Sebäbi mugallymlaryň we klasdaşlaryň üstüňden güler diýip pikir edýänsiň. Şeýle ýagdaýda ynamly gürläp, ýaradylyşa ynanýandygyňy nädip düşündirersiň?

 Sen başararsyň!

 Belki, sen şeýle pikir edýänsiň: «Ewolýusiýa taglymaty barada gürrüň eder ýaly, men ylym ugrundan ökde däl». Daniýela atly gyzam öňler şeýle pikirdedi. Ol: «Men mugallymym we klasdaşlarym bilen jedelleşmegi halamaýardym» diýýär. Diýana-da onuň bilen ylalaşyp: «Olar ylmy meseleler barada jedelleşip başlanlarynda başym çaşýardy» diýýär.

 Ýöne seniň maksadyň olary jedelde ýeňmek däl. Onsoňam, ýaradylyşa ynanmagyň dogrudygyny daş-töwerekdäki zatlaryň subut edýändigini düşündirmek üçin alym bolmak hökman däl.

 Maslahat: Mukaddes Ýazgylardaky ýönekeýje mysaly ulan. «Her bir öýüň gurujysy bardyr, ähli zady guran bolsa Hudaýdyr» (Ýewreýler 3:4).

 Kerol atly aýal Ýewreýler 3:4-däki prinsipi şeýle düşündirýär: «Aýdaly, sen ýaşalýan ýerden uzakda ýerleşýän gür tokaýdan ýöräp barýarsyň. Birdenkä ýerde diş arassalanýan çöpjagazyň ýatandygyna gözüň düşýär. Şonda sen näme pikir edersiň? Köp adamlar ýaly senem: „Bärde öň kimdir biri bolupdyr“ diýersiň. Eger şeýle ujypsyzja çöpjagaz ýaşaýşyň bardygyny görkezýän bolsa, onda älem-jahan we ondaky ähli zatlar muny hasam subut etmeýärmi näme?!»

 Biri saňa şeýle diýse: «Eger ýaşaýşy Ýaradyjy döreden bolsa, onda Ýaradyjyny kim döretdi?»

 Sen şeýle jogap berip bilersiň: «Biz Ýaradyjy barada ähli zada düşünmeýän bolsak, bu onuň ýokdugyny aňlatmaýar. Meselem, sen el telefonyny oýlap tapan adam barada hiç zat bilmeseň-de, ony biriniň oýlap tapandygyna ynanýansyň, şeýle dälmi?! (Jogap bersin). Edil şonuň ýaly, Ýaradyjy barada-da köp zatlary bilip bolýar. Isleseň, men öwrenen zatlarymy saňa gürrüň berip bilerin».

 Taýýarlyk gör

 Mukaddes Ýazgylarda: «Umydyňyz hakda sorag beren her kese jogap bermäge hemişe taýyn boluň, ýöne muny ýumşaklyk we çuňňur hormat bilen ediň» diýilýär (1 Petrus 3:15). Şol sebäpli iki zat — näme diýmelidigi we ony nädip aýtmalydygy barada öňünden oýlan.

  1.   Näme diýmeli. Hudaýy söýmek wajyp, sebäbi bu seni Ol barada gürrüň bermäge höweslendirer. Ýöne başgalara muny aýdanyň bilen olary ähli zady Hudaýyň ýaradandygyna doly ynandyryp bilmersiň. Ýaradylyşa ynanmagyň paýhaslydygyny görkezmek üçin, tebigatdaky zatlary mysal getirseň gowy bolar.

  2.   Nädip aýtmaly. Ynamly gürle, ýöne gödek bolma ýa-da köpbilmişsireme. Eger sen başgalaryň ynanýan zatlaryna hormat goýsaň we özleriniň karara gelip bilýändigini göz öňüne tutsaň, olaram seniň aýdýan zatlaryňy diňlemegi mümkin.

     «Aýdýan sözleriň bilen başgalary kemsidip, özüňi köp bilýän ýaly görkezmeli däl. Sebäbi bu gowy netije bermez». Eleýn

 Kömek edýän gollanmalar

Howanyň üýtgemegine taýýar bolşuň ýaly, ynanýan zatlaryňy düşündirmäge-de hemişe taýýar bol

 Alisiýa şeýle gürrüň berýär: «Eger biz öňünden taýýarlanmasak, jogap berip bilmeris». Alisiýanyň aýdyşy ýaly, taýýarlanmak üstünlik getirip biler. Jenna hem bu barada şeýle diýýär: «Men ýaradylyş barada arkaýyn gürrüň edip bilýärin, sebäbi öňünden ýönekeýje, ýöne oýlandyryjy mysallary taýýarlaýaryn».

 Şeýle mysallary nireden tapsa bolýar? Aşakdaky gollanmalar ýaşlaryň köpüsine kömek edýär:

 Şeýle-de sen «Ýaradylyşmy ýa-da ewolýusiýa taglymaty?» diýen şu 4 bölümli makalalaryň beýleki üçüsinden gözleg geçirip bilersiň.

  1.  1-nji bölüm: Hudaýa näme üçin ynanmaly?

  2.  2-nji bölüm: Ewolýusiýa taglymatyna ynanmak dogrumy?

  3.  3-nji bölüm: Ýaradylyşa näme üçin ynanmaly?

 Maslahat: Özüňi ynandyraýjak mysallary saýla. Şonda olar gowy ýadyňda galar we ynanýan zatlaryň barada ynamly aýdyp bilersiň. Munuň üçin bolsa öňünden taýýarlan.