ÝAŞLARYŇ SOWALLARY
Başgalara goşulyp bilmeseň näme etmeli?
«Köpçülige goşulyp bilmeseň, dostlaryňam, durmuşyň gyzygam, belli bir maksadyňam bolmaýar. Özüňi ýalňyz, hiç kime gerek däl ýaly duýýaň» (Kerwen).
Belki-de, Kerwen ulaldyp aýdýandyr?! Ýöne käbir ýaşlar Kerweniňki ýaly ýagdaýa düşmez ýaly elinde baryny edýärler. Senem şeýle ýagdaýa düşüp gördüňmi? Onda şu makaladaky maslahatlar saňa kömek eder.
Näme üçin ýaşlaryň deň-duşlary ýaly bolasy gelýär?
Ýekelenmek islemeýär. «Bir gezek joralarymyň Internete goýan suratlaryny gördüm. Olar meni oturylyşyga çagyrmandyrlar. Şonda erbet bolup: „Olar meni näme üçin aralaryna goşmaýarka, meniň nämäm kem?“ diýip pikir etdim» (Nargül).
OÝLAN. Deň-duşlaryň seni ýekeläpdimi? Olar seni arasyna goşmasa näme edýärsiň?
Başgalardan tapawutlanmak islemeýär. «Enem-atam telefon ulanmaga rugsat bermeýär. Klasdaşlarym nomerimi soranda, olara telefonymyň ýokdugyny aýdýan. Şonda olar geň galyp: «A gyz, sen näçe ýaşyňda? Entegem telefonyň ýokmy?» diýýärler (Merýem).
OÝLAN. Ene-ataň goýýan çägi sebäpli deň-duşlaryňdan tapawutlanmaly bolýarsyňmy? Şonda sen näme edýärsiň?
Üstünden gülmeklerini, azar bermeklerini islemeýär. «Deň-duşlarym mekdepde köpçülige goşulmaýan, gepi-sözi, dini gabat gelmeýän oglan-gyzlary halamaýarlar. Özleri ýaly bolmasaň, üstüňden düşýärler» (Ogulşat).
OÝLAN. Deň-duşlaryň ýaly bolmaýandygyň üçin saňa-da azar berýärlermi? Şeýle ýagdaýda näme edip bilersiň?
Dostlaryna ýaranmak isleýär. «Birwagtlar dost-ýarlaryma ýaranmak üçin her zat edipdim. Halamasamam, olar ýaly gürleýärdim, gülýärdim. Biriniň üstünden düşseler, munuň gowy däldigini bilsemem goşulýardym» (Reýhan).
OÝLAN. Deň-duşlaryňa näme üçin ýaranmak isleýärsiň? Olara ýaranmak üçin häsiýetleriňi üýtgetdiňmi?
Nämäni bilmeli?
Ikiýüzli bolma. Ýaranjak bolup başgalaryň edenini etseň, masgara bolarsyň. 20 ýaşly Berdi şeýle diýýär: «Men klasdaşlaryma meňzejek bolup, halamaýan zadymy edenimde, özümi erbet duýýardym. Olar barybir meniň ýasama edýänimi aňýardy».
GOWUSY, özüň üçin nämäniň has wajypdygyny bil. Mukaddes Kitapda: «Iň wajyp zatlara düşün» diýip maslahat berilýär (Filipililer 1:10). Özüňe şeýle sorag ber: «Meniň üçin näme wajyp: adamlara ýaranmakmy ýa özbolşuma galmak?»
«Başgalara öýküneniňe degmeýär. Olar barybir gadyryňy bilmez, gaýtam abraýdan düşüp, ýigrenji görnersiň» (Ýakup).
Özbolşuňa gal. Hemmä ýallaklap ýörýänleri hiç kimem halamaýar. Jepbar atly ýaş ýigit şeýle gürrüň berýär: «Deň-duşlaryma ýaranjak bolup, näme diýseler edýärdim. Şeýdip, abraýdan düşdüm. Olar mundan peýdalanyp, meni it edip oýnaýardylar».
GOWUSY, mertebäňi gaçyrma. Başgalara ýaranjak bolup, howa ýaly üýtgäp durma. Mukaddes Kitabyň bir terjimesinde: «Erbet iş edýän köpçüligiň yzyna düşme» diýilýär (2 Musa 23:2, Mukaddes Kitap Terjime instituty).
«Men joralarymyňky ýaly aýdymlary diňleýärdim, oýunlary oýnaýardym, filmleri görýärdim, olaryňky ýaly geýinýärdim, boýanýardym... Umuman, özümiň näme isleýändigimi bilmän, hemme zatda olara meňzejek bolýardym. Olaram meniň ikiýüzlilik edýänimi aňýardy. Özbolşuma bolup bilmeýändigime janym ýanýardy, ýekesireýärdim. Men bir zada göz ýetirdim, hemme kişä ýaranyp bolmaýan ekeni. Ýöne men hiç kim bilen dostlaşmaly däl diýjek bolamok. Hak dostlary tapmak we akylyň goýalyşmagy üçin wagt gerek bolýar» (Maral).
Erbet ýola düşme. Kakajan atly ýaş ýigit şeýle gürrüň berýär: «Bir garyndaşym deň-duşlaryna ýaranjak bolup, öň edip görmedik zatlaryna baş goşdy. Ol neşäniň guly bolup, gül ömrüni kül etdi».
GOWUSY, ýokary ahlak kadalaryna eýermeýän adamlar bilen gatnaşma. Mukaddes Kitapda şeýle maslahat berilýär: «Paýhasly adam bilen dost bolsaň, paýhasly bolarsyň, akmak bilen dost bolsaň, zyýan çekersiň» (Nakyllar 13:20).
«Käte dost-ýarlaryň göwnünden turmagyň hiç hili erbetligi ýok. Ýöne olar üçin Hudaýyň kada-kanunlaryny bozma. Hak dost seni bolşuň ýaly kabul eder» (Melek).
Maslahat. Biri bilen dostlaşjak bolsaň, diňe ýaşy, dünýägaraýşy, geýnişi, halaýan zatlary özüňkä meňzeş oglan-gyzlary gözleme. Ruhy taýdan ösen, ahlak kadalaryna eýerýän, edim-gylymly we dürli ýaşly adamlaram gowy dost bolup bilýär.