Esasy materiala geçiň

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Duşuşmak. 3-nji bölüm: Duşuşmagymyzy goýmalymy?

Duşuşmak. 3-nji bölüm: Duşuşmagymyzy goýmalymy?

 Sen biri bilen duşuşyp ýörsüň, ýöne biraz wagtdan biri-biriňize gabat gelýändigiňize şübhelenip başlaýarsyň. Şonda-da duşuşmagyňy dowam etmelimi ýa-da goýmalymy? Makaladaky maslahatlar saňa dogry karara gelmäge kömek eder.

Şu makalada:

 Näme sebäpden şübhelenýändigiňi anykla

 Oglan bilen gyz duşuşyp başlansoň, biri-birini gowy tanaýar. Olar käbir zatlarda garaýşynyň, pikiriniň tapawutlanýandygyna göz ýetirýärler. Meselem:

  •   Biri deňizde dynç almagy gowy görýär, beýlekisi daga gitmegi halaýar.

  •   Biri alçak, beýlekisi çekinjeň.

  •   Biri köplenç ýalan sözleýär, beýlekisi bolsa hemişe dogrusyny aýdýar.

 Üns beren bolsaň, ýokardaky ýagdaýlar biri-birine meňzemeýär. Birinjisi duşuşýanlaryň halaýan zatlary, ikinjisi — häsiýetleri, üçünjisi — dogry hasaplaýan zatlary tapawutlanýar.

 Oýlanyp gör: Eger durmuş gursaň şu üç ýagdaýyň haýsyna öwrenişmek has kyn bolar? Ýa-da haýsysy bilen ikiňizem ylalaşyp bilersiňiz?

 Är-aýalyň halaýan zatlary ýa-da häsiýetleri tapawutlansa-da, olar agzybir maşgala bolup biler. Bagtly ýaşamaklary üçin olaryň hemme taraplaýyn meňzeş bolmagy hökman däl. Käbir ýagdaýlarda är ýa-da aýal ýanýoldaşynyň halaýan zadyny halap biler, hatda biri-birinden köp zatlary öwrenip biler a.

 Ýöne durmuş gurjak adamyň dogry hasaplaýan zatlary seniňki bilen bir bolmasa, maşgalada kynçylyk döräp biler. Meselem, uýýan diniňiz, ahlak kadalaryna garaýşyňyz deň gelmese, duşuşmagyňy goýsaň gowy bolar.

 Dini ynanjy tapawutlanýan är-aýallar barada bir kitapda şeýle diýilýär: «Geçirilen barlaglara görä, är-aýalyň hersi bir dine uýsa, şeýle maşgalalar köplenç dargaýar» («Fighting for Your Marriage»).

 Mukaddes Kitapdan maslahat: «Imansyzlar bilen bir boýuntyryga girmäň» (2 Korinfliler 6:14).

 Karara gel

 Mukaddes Kitapda «maşgala gurýanlarda täze kynçylyklaryň dörejegi» aýdylýar (1 Korinfliler 7:28). Duşuşýan döwrüňizem sizde kynçylyk döräp biler.

 Kiçiräk düşünişmezlikler bolanda duşuşmagyňyzy derrew goýmalydyr öýtme. Esasy zat, kynçylyklary parahatlykda çözmegi başarmaly. Eger şeýle etmegi öwrenseň, maşgala guranyňda-da agzybirligi saklamak aňsat bolýar.

 Mukaddes Kitapdan maslahat: «Bir-biriňize mähirli boluň we rehim-şepagat ediň... biri-biriňizi ýürekden bagyşlaň» (Efesliler 4:32).

 Eger duşuşýanyň bilen ýygy-ýygydan we ulurak meselelerde düşünişmezlik bolýan bolsa, bu ikiňiziň gabat gelmeýändigiňizi görkezýär. Şeýle zatlara toýdan soň däl-de, häzirden üns bermeli.

Duşuşýanyň bilen ýygy-ýygydan we ulurak meselelerde düşünişmezlik bolýan bolsa, bu ikiňiziň gabat gelmeýändigiňizi görkezýär.

 Netije: Duşuşýanyň ýa-da durmuş gurmaga taýyndygyň hakda entegem şübhelenýän bolsaň, onda muňa sowuk-sala seretme.

 Mukaddes Kitapdan maslahat: «Ätiýaçly adam howpy görüp gizlenýär, tejribesiz bolsa gözsüz batyrlyk edip, zyýan çekýär» (Nakyllar 22:3).

 Duşuşmagy goýjak bolsaň

 Duşuşmagy goýmak kyn bolup biler, hatda köp gözýaş dökmegiň mümkin. Ýöne haýsam bolsa biriňizde ýa-da ikiňizde-de şübhelenýän zatlaryňyz bar bolsa, duşuşmagyňyzy goýsaňyz dogry bolar.

 Duşuşmagyňy goýýandygyňy nädip aýtmaly? Muny sms ýa-da hat arkaly däl-de, ýüzbe-ýüz görşüp aýtsaň gowy bolar. Nirede we haýsy wagtda görüşmelidigiňi öňünden pikirlenip bilýärsiň.

 Mukaddes Kitapdan maslahat: «Biri-biriňize hakykaty aýdyň» (Zekerýa 8:16).

 Aslynda, sen duşuşýan döwrüň halaşýanyň bilen durmuş gurmalymy ýa gurmaly däldigine göz ýetirýärsiň. Eger duşuşmagyňyzy goýsaňyz, özüňi günäkärläp ýörme, özüňe erbet adamdyryn öýtme. Gaýtam bolan ýagdaýdan köp zatlary öwrenjek bol.

 Özüňe şeýle soraglary ber: «Bolan ýagdaýdan nähili sapak edindim? Haýsy häsiýetlerimi üýtgetmelidigime düşündimmi? Ýene duşuşyp başlasam nämeleri başgaça ederin?»