ÝAŞLARYŇ SOWALLARY
Ene-atam bilen nädip oňşup bilerin?
Özüňi barla
Kim bilen oňuşmak has kyn?
Kakam bilen
Ejem bilen
Düşünişmezlik hemişe döreýärmi?
Seýrek
Wagtal-wagtal
Köplenç
Düşünişmezlikler nähili bolýar?
Olar çalt we parahat çözülýär.
Olar birnäçe wagtlap dawalaşansoň çözülýär.
Olar näçe wagtlap dawalaşsaňam çözülmeýär.
Ene-ataň bilen oňşup bilmeýän bolsaň, mümkin, sen ýagdaýy düzetmek üçin olar bir zat etmelidir öýdýänsiň. Düşünişmezligiň öňüni almak we araňyzy gowulandyrmak üçin seniň özüňem käbir zatlary edip bilersiň. Ilki bilen, şulara seret:
Düşünişmezlik näme sebäpden döreýär?
Pikirlenmek ukyby. Sen ulaldygyňça, kiçi wagtyňdaky ýaly däl-de, çuňňur oýlanyp başlaýarsyň. Şeýle-de öz pikiriň döräp, käbir zatlarda garaýşyň ejeň bilen kakaňkydan tapawutlanyp biler. Muňa garamazdan, Mukaddes Ýazgylarda: «Ata-eneňe hormat goý» diýilýär (Müsürden çykyş 20:12).
Hakykat: Närazy bolsaň-da, dawa turmaz ýaly, pikirlenmek ukybyny ösdürmeli.
Erkinlik. Ulaldygyň saýyn ene-ataň saňa has köp erkinlik bermegi mümkin. Emma köpräk ýa-da çaltrak erkin bolmak isleseň, onda kynçylyk döräp biler. Ýöne Mukaddes Ýazgylarda: «Ata-eneňize Hudaýyň isleýşi ýaly gulak asyň» diýilýär (Efesliler 6:1).
Hakykat: Eger häzir erkinligiňi dogry ulansaň, gelejekde eneň-ataň saňa has köp erkinlik berer.
Sen näme edip bilersiň?
Öz etmeli zadyňy et. Hemme zatda ene-ataňy günäkärlemegiň deregine, gowusy, seniň özüň parahatlyk döretmek üçin näme edip biljekdigiň barada oýlan. Jefri atly ýetginjek şeýle diýýär: «Köplenç ene-ataň aýdýan sözleri üçin däl-de, seniň olara beren jogabyň üçin dawa turýar. Ýumşak jogap dawanyň turmazlygyna kömek eder».
Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýär? «Ähli adamlar bilen parahat ýaşamak üçin eliňizde baryny ediň» (Rimliler 12:18).
Ünsli diňle. 17 ýaşly Samanta şeýle diýýär: «Meniň üçin muny etmek gaty kyn. Ýöne ene-atamy ünsli diňlesem, olaram meni diňlär».
Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýär? «Her bir adam diňlemäge taýyn, geplemäge howlukmaýan... bolmaly» (Ýakup 1:19).
Ene-ataň bilen bir topardadygyňy unutma: Dawany tennis oýnuna meňzetse bolýar. Ýöne toruň aňyrsynda duran garşydaşyňy ene-ataň däl-de, araňyzda turan dawa diýip hasapla. Adam atly bir ýetginjek şeýle diýýär: «Dawa turanda, ene-ata çagasyna gowulyk isleýär, çaga-da özüne ýagşylyk edilmegini isleýär. Diýmek, olaryň ikisiniň hem maksady bir».
Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýär? «Parahatlyga eltýän... zatlara ymtylalyň» (Rimliler 14:19).
Ene-ataň ýagdaýyna düşünjek bol. Sara atly ýetginjek şeýle diýýär: «Ene-atamyň kynçylyklary meniňkiden has-da agyr. Men muny özüme ýatladyp durýaryn». Karla atly ýetginjek gyz bolsa: «Men özümi ene-atamyň ýerine goýup görýärin. Eger menem çaga terbiýeleýän bolsam we şeýle ýagdaýa düşsem näme ederdim? Näme edenimde çagam üçin has gowy bolarka?» diýýär.
Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýär? «Diňe öz bähbidiňizi gözlemän, başgalaryňkyny hem agtaryň» (Filipililer 2:4).
Ene-ataňa gulak as. Ýazgylarda ene-ataňa gulak asmalydygy aýdylýar (Koloslylar 3:20). Bu tabşyryga eýerseň, özüňe gowy bolar. Karen atly ýetginjek gyz şeýle diýýär: «Ene-atama gulak assam, gerekmejek kynçylyklara uçramaýaryn. Olar meniň üçin köp zatdan geçdiler. Men bolsa olara gulak asyp, munuň öwezini dolup bilerin». Gulak asmaklyk — düşünişmezligi çözmegiň iň gowy usuly.
Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýär? «Odunyň ýok ýerinde ot sönýändir» (Süleýmanyň tymsallary 26:20).
Maslahat. Eger saňa ene-ataň bilen gürrüňdeş bolmak kyn bolsa, onda pikiriňi kagyza ýazyp ýa-da sms arkaly düşündirip bilersiň. Elisa atly ýetginjek şeýle diýýär: «Keýpim ýok wagty menem şeýle edýärin. Bu maňa pikirimi asuda düşündirmäge ýa-da ökünäýjek zatlary aýtmazlyga kömek edýär».