ÝAŞLARYŇ SOWALLARY
Enem-atam meni näme üçin gezelenje goýbermeýärkä?
Dostlaryň seni şu dynç günleri oturylyşyga çagyrýarlar. Ene-ataňdan soranyňda olar «ýok» diýýärler. Sen muňa geň galmaýarsyň. Sebäbi soňky wagtlar olar saňa diňe «ýok» diýýärler.
Şu makalada
Ene-atam näme üçin hemişe «ýok» diýýär?
Ene-ataň hiç haçan saňa «bolýar» diýmeýän bolsa, dynç almagyňy islemeýän ýaly duýýansyň.
Meri atly bir gyza ene-atasy telefon alyp berýär. Ol şeýle diýýär: «Kakam haýsy programmalary ulanyp biljekdigimi, kimler bilen ýazyşyp biljekdigimi aýtdy. Hatda ol belli bir wagta çenli ýazyşyp biljekdigimi aýtdy. Joralarym bolsa, islän wagtyna çenli ýazyşýarlar».
Oýlanyp gör: Dogrudanam, Meriniň kakasy onuň dynç almagyny islemeýärmi? Ýa-da gyzyny alada edýärmi?
Maslahat: Özüňi ene-ataň ýerine goýup gör. Ýetginjek çagaňa telefon alyp beren bolsaň, nämäni alada ederdiň? Çagaňy goramak üçin näme ederdiň? Çagaň: «Meniň dynç almagymy islemeýärsiň» diýse näme diýersiň?
«Kakam hemişe: „Özüňi meniň ýerime goýup gör“ diýýär. Özümi kakamyň ýerine goýup görenimde, etme diýýän zatlarynyň peýdalydygyna düşünýärin. Çagalarym bolsa menem kakamyň edişi ýaly ederdim» (Tanýa).
Ene-atam «bolýar» diýer ýaly näme etmeli?
«Sesiňe bat berip aljak galaň bolmaz. Gaýtam özüňe zyýan ýetirersiň, ene-ataňy hem gynandyrarsyň. Ene-ataň bilen dawalaşyp dursaň, olar häzirem ulalmandyr diýip öňkidenem berk saklarlar» (Riçard).
«Ene-atam bir ýere gitme ýa-da bir zady etme diýse, bu ýöne ýere däl. Elbetde, olar meniň gowy dynç almagymy, şatlanmagymy isleýär. Ýöne başyma bela satyn almagymy islemeýärler» (Aýwi).
Mukaddes Kitapdan maslahat: «Akmak gahar oduny pürkýär, paýhasly adam bolsa rahatdyr, gaharyny saklaýar» (Nakyllar 29:11).
«Kakam maňa telefonda dost-joralarym bilen näçe wagt gepleşmelidigimi, haýsy programmalary ýüklemeli däldigimi aýtdy. Men bolsa, eýdip-beýdip gijäň ýaryna çenli telefonda ýazyşýardym. Ýükleme diýen zadynam ýükleýärdim. Näçe gizlesem-de, barybir tutuldym. Şeýdip, kakamyň gözünde ynamdan gaçdym. Kakam öňküje edýän zatlaryma-da çäk goýdy. Ene-ataň etme diýen zadyny gizlin etseň, soňy gowulyk bilen gutarmaýar» (Meri).
«Sabyrly bol. Ene-ataň ynamyny gazanmak üçin wagt gerek. Olar seniň gulak asýandygyňy görseler, köpräk erkinlik bererler» (Melinda).
Mukaddes Kitapdan maslahat: «Ene-ataňyza hemişe gulak asyň» (Koloslylar 3:20).
«Diýeniňi etdirseňem hemme zat isleýşiň ýaly bolar öýtme» (Nataliý).
«Ene-atalar çagasynyň dogry kararlara gelmegini isleýär. Ene-atam bilen gepleşenimde, olara näme üçin gitmek isleýändigimiň sebäbini düşündirýärin. Şonda olar maňa „ýok“ diýmeýärler» (Jozef).
Mukaddes Kitapdan maslahat: «Ene-ataňyza hormat goýuň» (Efesliler 6:2).