Esasy materiala geçiň

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Köp alada etmez ýaly näme edip bilerin?

Köp alada etmez ýaly näme edip bilerin?

 Seni näme alada goýýar?

 Ýaşlaryň aýdan sözlerini okap gör. Sende-de şeýle pikirler bolýarmy?

 «Ýola çyksak, hemişe: „Birden ýol heläkçiligine uçrasak näme?! Ýa-da münen uçarymyza bir zat bolsa näme?!“ diýen ýaly aladalar günüme goýmaýar. Meniň ýerime başga biri bolan bolsa, bolmajak zatlar hakda oýlanmazdy» (Çary).

 «Kellämde müň pikir bar. Şolar hakda aladalanyp bar güýjümi giderýärin, ýöne edip bilýän zadym ýok!» (Annagül).

 «Okuwçy bolamsoň, munuň gaýgy-aladasy ýokdur öýdýärler. Şonda içimden: „Wah, olar bilenok-da! Mekdepde okamagyň özi bir uly alada“ diýýän» (Döwlet).

 «Egnimde hemişe agyr ýük göterip ýören ýaly duýýan. Etmeli-goýmaly zatlarym hakda alada edip ýörýän» (Laçyn).

 Hakykat. Mukaddes Kitapda biz «juda kyn döwürde» ýaşaýandygymyz aýdylýar (2 Timoteos 3:1). Şol sebäpli diňe uly adamlar däl, hatda ýaşlaram alada edýär.

 Alada etmegiň zyýany barmy?

 Elbetde, ýok. Hatda Mukaddes Kitapda-da dogan-garyndaşlaryň, dost-ýarlaryň aladasyny etmelidigi aýdylýar (1 Korinfliler 7:32—34; 2 Korinfliler 11:28).

 Käte alada etmek hereket etmäge isleg döredip biler. Aýdaly, mekdepde barlag işi bolmaly. Sen alada etseň, barlag işine öňünden taýýarlanyp, bäşlik alyp bilersiň.

 Alada etmek howply ýagdaýyň üstünden barmazlyga kömek edýär. Selbi atly ýetginjek gyz şeýle diýýär: «Erbet işe baş goşandygyňy bileniňde gynanýaň, ynsabyň köseýär we derrew ýalňyşyňy düzetmäge jan edýäň» (Ýakup 5:14-i deňeşdir).

 Hakykat. Eger sen dogry zady etmegi başarsaň, şol hakda alada edeniňe deger.

 Ýöne aladadan ýaňa kelläňde diňe erbet pikirler aýlanyp dursa näme?

Köp alada edýän adamy ýoluny ýitiren adama meňzetse bolýar. Ýöne başgalar saňa çykalga tapmaga kömek edip biler

 Meselem, 19 ýaşly Röwşen şeýle diýýär: «Betbagtçylygyň boljakdygy barada oýlananymda, hopugyp başlaýan. Şol hakda pikirlendigim saýyn, ýüregim agzymdan çykaýjak ýaly bolýar».

 Mukaddes Kitapda: «Rahatlyk ömrüňi uzaldýar» diýilýär (Nakyllar 14:30). Alada etmek jan-saglygyňa hem zyýanly. Aşa köp alada etseň, kelläň agyrar, başyň aýlanar, aşgazanyň agyrar, ýüregiň çalt urar.

 Alada etmegiň peýdasyndan zyýany köp.

 Näme edip bilersiň?

  •    Sebäbini biljek bol. «Özüňe tabşyrylan iş barada alada etmek bir tarapdan gowy. Ýöne köp aladalanmak känbir gowy netije bermez. Adamyň köp alada etmegini guýrugyny tutjak bolýan güjüge meňzetse bolýar. Güjük näçe jan etse-de, guýrugyny tutup bilmeýär. Köp alada edip seniňem aljak galaň bolmaz» (Käkilik).

     Aýat: «Siziň haýsyňyz alada edip, ömrüňizi biraz uzaldyp bilýäňiz?» (Matta 6:27).

     Manysy: Şol bir zat hakda gaýta-gaýta alada edip ýörseň, derdiň üstüne dert goşarsyň.

  •  Ertiriň aladasyny etme. «Belki, meniň alada edýän zadym bir aýdanam, bir ýyldanam, bäş ýyldanam bolmaz» (Anna).

     Aýat: «Hiç haçan ertirki günüň aladasyny etmäň, sebäbi ertir hem başga aladalar bolar. Her günüň öz derdi özüne ýetikdir» (Matta 6:34).

     Manysy: Ertirki günüň nähili boljakdygy hakda alada etmegiň känbir peýdasy ýok. Mümkin, seniň alada edýän zadyň hiç haçan bolmaz.

  •    Hemme zadyň seniň isleýşiň ýaly bolmajakdygyny bil. «Durmuşda hemme zadyň eliňde däldigine düşün. Häzirlikçe, edip bilýän zatlaryňy etjek bol» (Resul).

     Aýat: «Ýaryşda hemişe ýüwrük ozmaýar... bilimli adam hemişe üstünlik gazanmaýar, sebäbi olaryň hemmesi garaşylmadyk ýagdaýa tötänden duçar bolýarlar» (Nesihat 9:11).

     Manysy: Ýagdaýy üýtgedip bilmeseňem, garaýşyňy üýtgedip bilersiň.

  •    Wajyp zatlara üns ber. «Kynçylyk bolanda, ownuk-uşak zatlara üns bermeýän, ähli ýagdaýy göz öňünde tutjak bolýan. Ilki bilen, ünsüňi wajyp zatlara gönükdirmeli» (Ajap).

     Aýat: «Iň wajyp zatlara düşüniň» (Filipililer 1:10).

     Manysy: Ýagdaýyň hemme tarapyny görüp bilýän adam köp alada etmeýär.

  •    Derdiňi birine aýt. «Altynjy klasda okaýarkam, mekdebe gidenimde urşa giden ýaly bolýardym. Mekdebe gidesimiň gelmeýändigini ejem-kakama aýdanymda olar urman-sögmän ünsli diňlediler, ýagdaýyma düşündiler. Olar maňa gowy kömek etdi. Şondan soň men olara biynjalyk edýän zatlarymy çekinmän aýdyp başladym. Indi men mekdebe her gün höwes bilen gidýän. Ejem-kakam bolmadyk bolsa, näme ederdim?!» (Merýem).

     Aýat: «Gaýgy-alada ynsany çökerýär, hoş söz köňli galkyndyrýar» (Nakyllar 12:25).

     Manysy: Ene-ataň, dostuň ýa-da joraň köp alada etmez ýaly maslahat berip biler.

  •  Hudaýa ýüregiňi dök. «Daşymdan doga edip, biynjalyk edýän zadymy Hudaýa aýdanymda ýüküm ýeňlän ýaly bolýar. Şeýle-de beýik Hudaýymyz Ýehowanyň aladalarymy çözüp berjekdigine ynanýan» (Laçyn).

     Aýat: «Gaýgy-aladaňyzy Hudaýyň üstüne atyň, sebäbi ol siziň aladaňyzy edýär» (1 Petrus 5:7).

     Manysy: Doga-dileg adamy köşeşdirýän derman däl. Doga edip, sen Ýehowa Hudaý bilen gepleşýärsiň. Ol: «Howsala düşme, men seniň Hudaýyňdyryn. Men saňa güýç bererin, kömek ederin» diýip wada berýär (Işaýa 41:10).