ÝAŞLARYŇ SOWALLARY
Keselime nädip döz gelip bilerin? (III bölüm)
Adatça, ýaşlar sagdyn bolýar, ýadamany hem bilmeýär. Emma käbiri agyr keselden ejir çekýär. Eger senem keselden ejir çekýän bolsaň, Wloriýa, Jastin we Nisa atly üç sany Ýehowanyň Şaýadynyň beren gürrüňleri seni ruhlandyrar. Gel, agyr keseline döz gelmäge olara nämäniň kömek edýändigini bileli.
Wloriýa
Men 14 ýaşymdan bäri fibromialgiýa (birleşdiriji dokumalardaky myşsanyň agyrysy) keselinden ejir çekýärin. 20 ýaşymda bolsa mende artrit, wolçanka (deri inçekeseli) we Laýma keselleriniň bardygy anyklanyldy. Hemişe ýadawlyk duýsaň, gowy görýän işleriňi edip bilmeýän ekeniň. Käte bilimden aşagy ysmaz bolup, maýyplaryň arabasynda ýöremeli bolýardym.
Men agyrydan däl-de, öz ýagdaýymdan erbet bolýardym. Sebäbi ýazmak ýa-da çüýşäniň gapagyny açmak ýaly ýönekeý işleri hem edip bilmeýärdim. Çagalaryň dynç alýandygyny görenimde, men öz-özüme: «Maňa näme üçin ýöremek kynka?» diýýärdim. Men gaty ruhdan düşüpdim.
Maňa diňe bir maşgala agzalarym däl, eýsem, gatnaýan ýygnagymdaky Ýehowanyň Şaýatlary hem kömek edýärdi. Dogan-uýalar ýygy-ýygydan öýümize gelýärdi, bu bolsa maňa özümi ýeke duýmazlyga kömek etdi. Meni maýyplar arabasyndan ulaga mündürip-düşürmek aňsat bolmasa-da, käbiri oturylyşyga çagyrýardy.
Esasan-da, maňa gartaşan dogan-uýalar has köp kömek etdi. Sebäbi olar keselçiligiň nämedigine gowy düşünýär. Olar maňa keselime döz gelmäge we başarmaýan zatlarym üçin özümi kösemezlige kömek etdiler. Men ýygnak duşuşyklarynda we wagyzda özümi has-da bagtly duýýaryn (Ýewreýler 10:25). Şeýle işler maňa ýarawsyzlygyma garamazdan, özümi başgalar ýaly duýmaga kömek edýär.
Ýehowanyň maňa çydamaga güýç berýändigini unutmazlyga çalyşýaryn. Meselem, Mukaddes Ýazgylarda: «Bedenimiz solsa-da, ruhdan düşmeýäris, gaýtam, ýüregimiz we pikirimiz günsaýyn täzelenýär» diýilýär (2 Korinfliler 4:16). Men bu sözler bilen doly razylaşýaryn!
Şu barada oýlan: Agyr keselden ejir çekýän bolsaň näme üçin başgalara ýüz tutmaly? Eger seniň saglygyň gowy bolsa, ýarawsyz adamlary nädip goldap bilersiň? (Süleýmanyň tymsallary 17:17).
Jastin
Men ýykylyp, ýerimden galyp bilmedim. Gursagymyň agyrysyndan ýaňa hereket edip bilmeýärdim. Meni şol bada reanimasiýa alyp gitdiler. Başda lukmanlar maňa näme bolýandygyny anyklap bilmediler. Emma şu ýagdaýym birnäçe gezek gaýtalanansoň, mende Laýma keseliniň bardygy anyklanyldy.
Bu kesel meniň nerw sistemama zyýan ýetirdi. Şondan bäri birnäçe ýyl geçenem bolsa, beden agzalarym titräp, käte olara erk edip hem bilmeýärin. Käte bolsa endam-janym sorkuldap agyrýar, barmaklarymyň agyrysyndan ýaňa olary gymyldadyp bilmeýärin. Hamala bar bogunlarym poslan ýaly duýýaryn.
«Şeýle kesele uçrar ýaly, men heniz ýaş ahyryn» diýen pikir meni günüme goýmaýardy we ýagdaýyma gaharym gelýärdi. Hudaýa gözýaş bilen doga edip, ondan: «Men näme üçin şeýle ýagdaýa düşdüm?» diýip soraýardym. Özümi Hudaý menden ýüz öwren ýaly duýýardym. Soňra Mukaddes Ýazgylarda gürrüň berilýän Eýýup pygamber barada oýlandym. Ol näme sebäpden agyr synaglara uçrandygyny bilmese-de, Hudaýa wepaly galdy. Eger Eýýup pygamber şeýle kynçylyklara hötde gelen bolsa, onda men hem başararyn.
Ýygnak ýaşululary maňa köp kömek edýärler. Olar hemişe meniň ýagdaýym barada gyzyklanýar. Bir ýaşuly islän wagtym jaň edip biljekdigimi aýtdy. Men şeýle dostlar üçin Ýehowa her gün sagbolsun aýdýaryn! (Işaýa 32:1, 2).
Biz agyr kesele uçranymyzda, Ýehowanyň ýagdaýymyza düşünýändigini käte ýatdan çykarýarys. Mukaddes Ýazgylarda: «Ýüküňi Rebbiň üstüne taşla, Ol seni saklar» diýilýär (Zebur 55:22). Men bu maslahata her gün eýermäge çalyşýaryn.
Şu barada oýlan: Dost-ýarlaryň we dogan-garyndaşlaryň keseliňe döz gelmäge nädip kömek edip biler? (Süleýmanyň tymsallary 24:10; 1 Selanikliler 5:11).
Nisa
Ýetginjek döwrüm mende bogunlaryňa zyýan ýetirip, olary gowşadýan Marfan sindromy atly keseliň bardygy anyklanyldy. Bu kesel ýüregiňe, gözüňe we başga-da wajyp agzalaryňa zyýan ýetirýär. Men her gün agyrydan ejir çekmeýärin, ýöne olar ýüze çykanda, gaty güýçli bolýar.
Başda men gaty köp aglaýardym. Gowy görýän zatlarymy edip bilmeýändigime gaty gynandym. Meselem, men tans etmegi gowy görýärin. Indi agyrydan ýaňa tans edip bilmejekdigim, mümkin, ýöräp hem bilmejekdigim barada oýlananymda, meni gorky gaplap aldy.
Aýal doganym maňa uly goltgy boldy. Meniň özüme haýpym gelýärdi, ol bolsa maňa bu garaýşymy ýeňip geçmäge kömek etdi. Ol hemişe gorkuda gezmeli däldigimi düşündirdi, ýogsam, ýagdaýym has-da agyrlaşardy. Şeýle-de ol hemişe Ýehowa doga etmäge höweslendirýärdi. Sebäbi diňe Ýehowa meniň nämeleri başdan geçirýändigimi bilýärdi we düşünýärdi (1 Petrus 5:7).
Zebur 18:6-daky: «Gam-gussamyň içinde Rebbi çagyrdym, Hudaýyma perýat etdim; Ol ybadathanasyndan meniň sesimi eşitdi, perýadym Onuň huzuryna, gulagyna ýetdi» diýen sözler meni örän ruhlandyrýar. Ýehowa doga edip, kynçylyklaryma hötde gelmek üçin kömek soranymda, şu aýatdaky sözler Onuň dogalarymy eşidip, jogap berýändigini duýmaga kömek etdi. Ol elmydama meni diňlemäge taýyn.
Men horlukdan ýaňa gam-gussa batmagyň nädogry däldigine düşündim. Iň esasy zat: duýgularyňa aşa köp üns berip, munuň Ýehowa bilen dostlugyňa zyýan ýetirmegine ýol bermeli däl. Biziň horluk çekýändigimize Ol günäkär däl. Eger Ýehowany durmuşymyzda birinji orunda goýsak, ol hiç haçan bizi terk etmez (Ýakup 4:8).
Şu barada oýlan: Eýsem, çekýän horluklarymyz üçin Hudaýy günäkärlemek dogrumy? (Ýakup 1:13).