Esasy materiala geçiň

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Mekdebe gidesiň gelmese näme etmeli?

Mekdebe gidesiň gelmese näme etmeli?

 Belki, sen berk tutýan mugallymlar, deň-duşlaryň täsiri, başyňy çaşyrýan synaglar, kelläňi agyrdýan öý işleri sebäpli mekdebe gidesiň gelýän däldir. Seň ýagdaýyňa düşünse bolýar a. 19 ýaşly Reýçel b şeýle diýýär:

 «Nirä gitsemem, mekdebe gidesim gelenokdy. Mekdebe gidenimden, deňze gidenim, joralam bilen dynç alanym ýa-da öýleri arassalap, nahar bişirenimem gowudy».

 Eger senem Reýçel ýaly pikirde bolsaň, onda mekdepde okaýan döwrüň özüňi edil türmede ýaly duýýansyň. Mekdebi gutarsam bolýar diýip, oňa zordan gatnaýansyň. Garaýşyňy üýtgetmek üçin näme edip bilersiň?

 Bilýäňmi? Garaýşyňy üýtgetseň, kynçylyk dörände baş alyp çykmagy öwrenersiň we mekdebe höwes bilen gidersiň. Şeýle-de ulalaňda gerek boljak ukyp-başarnyklary ösdürersiň.

 Mekdebe höwes bilen gider ýaly, şu zatlar hakda oýlan:

 Bilim. Näçe köp bilim alsaň, işde ýa-da başga ýagdaýlarda kynçylyk dörände özüň çözüp bilersiň. Adamlara bagly bolmarsyň. Özüňe şeýle sorag ber: «Mekdebe gidesim gelmese-de, gitsem maňa näme peýdasy bar?»

 Mukaddes Kitapdan maslahat: «Akyldarlyga ýapyş, akylyňy ýitirme» (Nakyllar 3:21).

 Köpräk bilmek üçin «Bahalaryň pes bolsa näme etmeli?» atly makalany okaň.

 Endikler. Mekdepde sen wagtyňy paýhasly ulanmagy, özüňe erk etmegi, tutanýerli we zähmetsöýer bolmagy öwrenersiň. Bu häsiýetler ulalansoňam saňa gerek bolar. Özüňe şeýle soraglary ber: «Mekdepde tutanýerli we işden gaçmaýan adam bolmagy nädip öwrenip bilerin? Men şularyň haýsysynyň üstünde has köp işlemeli?»

 Mukaddes Kitapdan maslahat: «Agyr zähmetiň peýdasy köpdür» (Nakyllar 14:23).

 Köpräk bilmek üçin «Wagtyňy nädip paýhasly ulanmaly?» atly makalany okaň.

 Başgalar bilen gowy gatnaşmak. Synpdaşlaryň bilen gatnaşsaň adamlaryň ýagdaýyna düşünmegi we olara hormat goýmagy öwrenersiň. 23 ýaşly Joşuwa şeýle diýýär: «Taryh, himiýa, fizika sapaklaryny öwrenişiň ýaly, adamlar bilen gürrüňdeş bolmagy öwrenmegem wajyp. Bu ukyp saňa hemişe kömek eder». Özüňe şeýle sorag ber: «Mekdepde başgalar bilen gowy gatnaşmagy, hatda milleti, garaýşy meniňkiden tapawutlanýan adamlar bilen gürrüňdeş bolmagy nädip öwrenip bilerin?»

 Mukaddes Kitapdan maslahat: «Ähli adamlar bilen parahat ýaşamaga jan ediň» (Ýewreýler 12:14).

 Köpräk bilmek üçin «Gürrüňdeş bolmagy nädip öwrenmeli?» atly makalany okaň.

 Gelejekde berjek peýdasy. Mekdepde sen haýsy ugurda ökdeligiňi anyklap, şoňa görä hünär saýlap bilersiň. Bruk atly gyz şeýle diýýär: «Okuwy gutarandan soň derrew işläp biler ýaly, haýsydyr bir ugurdan goşmaça okap bilersiň. Menem şeýle edipdim». Özüňe şeýle soraglary ber: «Mekdebi gutaranymdan soň özümi nädip eklärin? Saýlan hünärim boýunça işlär ýaly, haýsy sapaklary has gowy öwrenip bilerin?».

 Mukaddes Kitapdan maslahat: «Ýollaryňy dogrulasaň, ähli işleriň rowaçlanar» (Nakyllar 4:26).

a Makaladaky maslahatlar mekdepde däl-de, öýünde okaýan ýaşlar üçin hem peýdaly.

b Käbir atlar üýtgedildi.