ÝAŞLARYŇ SOWALLARY
Mekdebi taşlaýsammykam?
«Mekdebe gidesim gelenok». Seniňem mekdebi taşlasyň gelýärmi? Mekdebi ýigrenýän bolsaň, şu makaladaky maslahatlar saňa gowy kömek eder.
Käbir ýaşlar näme üçin mekdebi taşlaýar?
Mugallymlaryň köpüsi, aşakdaky sebäplere görä käbir ýaşlaryň mekdebi taşlaýandygyny aýdýar:
Bahalary pes. «Näçe jan edip okasamam, barybir bahalarym pes».
Höwesi ýok. «Mekdepden hiç hili peýda ýok».
Pulsuzlyk. «Işläp, ene-atama kömek etmesem bolmaýar».
Netijesi hakda oýlan
Mukaddes Kitapda: «Ätiýaçly adam her ädimini ölçerýär» diýilýär (Nakyllar 14:15). Şu maslahata nädip eýerip bilersiň? Netijesi hakda oýlanman mekdebi taşlasaň, ulalanyňda kösenersiň.
Şu soraglar hakda oýlan:
«Mekdebi taşlasam, ulalanymda iş tapyp bilerinmi?»
«Sen haçanam bolsa bir gün işe girip, özüňi eklemeli bolýaň. Orta mekdebi tamamlamadyk adamy kimiň işe alasy geler?!» (Jemile).
«Mekdebi taşlasam, kynçylyklarda başymy çarap bilerinmi?»
«Mekdep ýaşlary durmuş ýoluna taýýarlaýar. Adamlar bilen işleşmäge, olar bilen oňşukly ýaşamaga, kynçylyklaryň hötdesinden gelmäge kömek edýär» (Döwlet).
«Mekdebi taşlasam, ulalanymda kösenmerinmi?»
«Mekdepde öwrenýän zatlaryň häzir seniň üçin wajyp däl ýalydyr. Ýöne 23 ýaşap gapjygyňdaky puluňy sananyňda: „Matematikany okanym gowy bolupdyr“ diýersiň» (Aýna).
Dogry karara gel
Kömek sora. Mukaddes Kitapda: «Maslahatçy köp bolsa, üstünlik gazanylar» diýilýär (Nakyllar 11:14). Jan edip okasaňam, bahalaryň pes bolsa ene-ataňdan, ulularyň birinden, mugallymlaryňdan kömek sora.
«Gowy okamak üçin eliňde baryny edýäniňi mugallymyňa aýt. Şonda bar belanyň körügi mugallym ýaly görünmez. Kömek soramaga çekinmeseň, hemme zat gowy bolar» (Döwran).
Ýagdaýa hemmetaraplaýyn seret. Mukaddes Kitapda: «Öňüň gelenden soňuň geleni gowudyr» diýilýär (Nesihat 7:8). Mekdebi doly okasaň, öwrenen zatlaryň saňa gelejekde gerekli häsiýetleri we ukyplary ösdürmäge kömek eder.
«Elbetde, mekdebi gutaranyňdan soň, düzme ýazmaly ýa-da synag tabşyrmaly bolmarsyň. Ýöne mekdepde öwrenen zatlaryňdan durmuşda ýüze çykan kynçylyklary ýeňmegi öwrenersiň» (Bägül).
Ýedi ölçäp, bir kes. Mukaddes Kitapda: «Howlukýanlar garyp düşýär» diýilýär (Nakyllar 21:5). Mekdebi taşlamaga howlukma. Belki, başga çykalga bardyr.
«Mekdep zähmetsöýer bolmagy, kynçylyklary ýeňmegi, adamlar bilen işleşmegi öwredýär. Umuman, mekdebiň peýdasy gaty kän, ony doly okap gutaranyňa degýär» (Berdi).
Jemläp aýtsak, mekdebi doly okap gutarsaň, ulalanyňda jogapkärli adam bolarsyň.