Esasy materiala geçiň

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Pornografiýadan näme üçin gaça durmaly?

Pornografiýadan näme üçin gaça durmaly?

 Sen pornografiýadan gaça durarmyň?

 Eger sen Internet ulanýan bolsaň, iru-giç pornografiýa gabat gelersiň. 17 ýaşly Heýli şeýle diýýär: «Saňa pornografiýany gözlemek gerek däl, onuň özi seni tapar».

 Hatda pornografiýadan gaça durýan adamlar hem onuň duzagyna düşüp biler. 18 ýaşly Greg şeýle diýýär: «Men öz-özüme oýa bolmagy söz bersem-de, saklanyp bilmedim. Sen: „Pornografiýa meni hiç haçan azdyrmaz“ diýip bilmersiň».

 Şu günler pornografiýa örän elýeterli. Ahlaksyz SMS-ler döränden bäri bolsa, ýetginjekleriň köpüsi özüniň «döreden» pornografiýasyny ýaýradýarlar.

 Netije. Ene-ataň we mama-babaň ýaşlygyndaky döwri bilen deňeşdireniňde, saňa has-da kyn. Şol sebäpli: «Sen pornografiýany ret edermiň?» diýen sorag ýüze çykýar (Zebur 97:10).

 Eger sen pornografiýadan gaça durmagy ýüregiňe düwen bolsaň, onda bu soraga «Hawa» diýip jogap berersiň. Emma başda pornografiýanyň erbet zatdygyna düşünmeli. Gel, häzir pornografiýa barada käbir ýalan düşünjeleri we delilleri bileli.

 Ýalan düşünjeler we deliller

 Ýalan düşünje: Pornografiýa zyýanly däl.

 Delil: Çilim çekmegiň öýkeniňi zaýalaýşy ýaly, pornografiýa hem aň-düşünjäňi zaýalaýar. Ol Hudaýyň niýetine görä, är-aýalyň arasyndaky berk we ömürboýy dowam etmeli gatnaşygy bozýar (Gelip çykyş 2:24). Wagtyň geçmegi bilen, adamyň ynsaby kütelip, hatda ýagşy we ýamany saýgaryp bilmeýär. Meselem, käbir alymlaryň aýtmagyna görä, pornografiýany ýygy-ýygydan görýän adamlar aýal maşgala zalymlyk bilen daraşmaga bolmaly zat ýaly seredýärler.

  Mukaddes Ýazgylarda käbir adamlaryň «ahlak kadalaryndan ýüz öwrendigi» barada aýdylýar (Efesliler 4:19). Olaryň ynsaby kösemeýär, şol sebäpli erbet iş edendiklerine hem utanmaýarlar.

 Ýalan düşünje: Pornografiýa jynsy gatnaşyk barada bilmäge kömek eder.

 Delil: Pornografiýa saňa açgöz bolmagy «öwreder». Muny görýän adamlar diňe özüňi bilip, başgalara ahlaksyz höwesleriňi kanagatlandyrmak üçin ulanylýan zat hökmünde garap başlaýarlar. Şol sebäpli bir geçirilen barlaga görä, pornografiýany ýygy-ýygydan görýän adamlar maşgala gurandan soň, jynsy gatnaşykdan känbir lezzet almaýarlar.

  Mukaddes Ýazgylarda «ahlaksyzlygy, hapalygy, erk edip bolmaýan ahlaksyz islegleri, erbet höwesleri... açgözlügi öldürmek» maslahat berilýär. Pornografiýa bolsa adamda hut şeýle höwesleri ösdürýär (Koloslylar 3:5).

 Ýalan düşünje: Pornografiýadan gaça durýan adamlar öz gözüne dogry görünýär.

 Delil: Pornografiýadan gaça durýan adamlar ýokary ahlak kadalaryna eýerip ýaşaýarlar. Olar jynsy gatnaşyga är-aýal gatnaşyklaryny berkidip, bir-birine wepaly bolmaga kömek edýän Hudaýyň sowgady hökmünde garaýarlar. Şeýle adamlar maşgala guranlarynda, jynsy gatnaşykdan lezzet alýarlar.

  Mukaddes Ýazgylarda är-aýal gatnaşyklary barada açyk aýdylýar. Mysal üçin, ärlere: «Ýaşlygyň aýaly bilen şatlan... onuň söýgüsinden mydama serhoş bol» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 5:18, 19).

 Pornografiýadan nädip gaça durmaly?

 Saňa pornografiýany görmekden gaça durmak kyn bolýarmy? Onda «Pornografiýadan gaça dur!» diýen gönükme saňa kömek eder.

 Pornografiýadan gaça durup biljekdigiňe şübhelenme. Eger duzagyna eýýäm düşen bolsaň, ondan sypyp bilersiň we gaça durmagyň peýdasyny görersiň.

 Gel, 13 ýaşynda pornografiýany görmegi endik eden Kalwiniň mysalyna seredeliň. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men pornografiýany görmegiň zyýanlydygyny bilsem-de, oňa bolan islegim gaty güýçlüdi. Her gezek ony görenimden soň, özümi ýigrenýärdim. Ahyrsoňy, kakam muny bildi. Dogrymy aýtsam, şonda egnimden agyr ýük aýrylan ýaly boldy! Bu endigimi taşlamak üçin maňa hut şeýle kömek hem gerekdi».

 Kalwin pornografiýadan gaça durmagy öwrendi. Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Pornografiýany görüp, men uly ýalňyşlyk goýberdim. Henizem şol ahlaksyz suratlar göz öňüme gelýär. Käte özüme: „Ýene görsem, näme bolarka?“ diýýärin. Emma şonda Ýehowanyň islegine görä ýaşasam, arassa we şatlykly gelejege gowuşjakdygym barada oýlanýaryn».