Esasy materiala geçiň

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Zorlanmak barada nämäni bilmeli? I bölüm. Öňüni almak

Zorlanmak barada nämäni bilmeli? I bölüm. Öňüni almak

 Zorlanmak näme?

 «Zorlanmak» sözüniň manysy her ýeriň ýagdaýyna görä üýtgese-de, ol köplenç adamyň islegine garşy, käte bolsa güýç ulanyp, jynsy gatnaşyk etmegi aňladýar. Oňa kiçi çagany ýa-da ýetginjegi zorlamak, ýakyn garyndaşyň bilen jynsy gatnaşyk etmek, aýal-gyzlaryň namysyna degmek we lukman, mugallym hem-de dini ýolbaşçy ýaly ynamdar adamlar tarapyndan zorlanmak ýaly işler degişli bolup biler. Söz ýa-da güýç ulanyp, namysyna degilen adamlar bolan zatlary hiç kime aýtmaz ýaly, olara haýbat atyp gorkuzýarlar.

 Bir barlaga görä, diňe ABŞ-da her ýyl takmynan 250 müň adam zorlanýar. Olaryň ýarysy diýen ýaly 12—18 ýaş aralygyndaky ýetginjekler.

 Bu barada nämeleri bilmeli?

  •   Mukaddes Ýazgylarda zorluk ýazgarylýar. Onda takmynan 4 müň ýyl mundan ozal bir uly märekäniň iki erkek adamy zorlajak bolandygy hakda bir waka gürrüň berilýär. Bu waka Ýehowa Hudaýyň şol şäheri ýok etmegine sebäp boldy (Gel. çyk. 19:4—13). Şeýle-de 3 müň 500 ýyl mundan ozal Musa pygambere berlen Kanunda ýakyn garyndaşyň bilen jynsy gatnaşyk etmek gadagan edilýärdi (Lew. 18:6).

  •   Köplenç zorlanmak tanaýan adamyň tarapyndan edilýär. Bir kitapda şeýle diýilýär: «Her edilýän zorlugyň üçden ikisi tanyş adam tarapyndan bolýar. Olar garaňkyda bukuda oturyp, amatly pursada garaşýan jenaýatçylar däl» («Talking Sex With Your Kids»).

  •   Zorlanmak erkeklere-de, aýallara-da howp salýar. ABŞ-da zorlananlaryň 10%-e golaýy erkek adamlar. Zorlanmaga garşy göreşýän bir amerikan guramanyň maglumatyna görä, zorlanan oglandyr erkekler «gomoseksual bolarlar» ýa-da «erkek bolup bilmerin öýdüp gorkýarlar» («Rape, Abuse & Incest National Network»).

  •   Zorlanmagyň giňden ýaýramagy geň galdyrmaýar. Mukaddes Ýazgylarda «soňky günlerde» adamlaryň «dogan-garyndaşlaryny söýmeýän... özüne erk etmeýän, zalym» boljakdygy barada öňünden aýdylypdy (2 Timoteos 3:1—3). Şu günler başgalary zorlaýan adamlar hut şeýle häsiýetleri görkezýärler.

  •   Zorlanan adam günäkär däl. Birini zorlamaga hiç kimiň haky ýok. Muňa zorlan jenaýatçynyň özi jogapkär. Emma sen zorlanmagyň öňüni almak üçin belli bir çäreleri görüp bilersiň.

 Sen onuň öňüni nädip alyp bilersiň?

  •   Öňünden taýýarlan. Biri, hatda duşuşýan adamyň ýa-da garyndaşyň seni jynsy gatnaşyk etmäge iterse, özüňi nähili alyp barmalydygyň barada öňünden oýlan. Deň-duşlarynyň hiç hili täsirine düşmez ýaly, Erin atly gyz döräp biljek ýagdaýyň öňüni almak üçin, ony sahnalaşdyrmagy maslahat berýär. Ol: «Bu geň bolup görünmegi mümkin, ýöne azgyn adamyň eline düşmekden gorap biler» diýýär.

     Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Özüňizi alyp barşyňyza ünsli boluň. Akylsyzlar ýaly däl-de, akyldarlar ýaly ýaşaň... sebäbi biz erbet günlerde ýaşaýarys» (Efesliler 5:15, 16).

     Özüňe şeýle sorag ber: «Eger biri maňa elini degrende, özümi oňaýsyz duýsam nähili hereket ederin?»

  •   Gitmegiň ugruny tap. Ýokarda agzalan gurama şeýle maslahat berýär: «Bir söz tapyp, ony dostlaryňa we dogan-garyndaşlaryňa aýt. Howply ýagdaýa düşeniňde, ýanyňdakylara bildirtmän olara jaň edip, şol sözi aýdyp bilersiň. Şonda dostlaryňdan ýa-da maşgala agzalaryňdan biri yzyňdan gelip, ýa-da sen ol ýerden gaýdyp biler ýaly, ýagdaý döreder». Ýöne şeýle howply ýerlerden gaça dursaň, has köp kynçylygyň öňüni alarsyň.

     Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Paýhasly adam bela-beteri görüp gizlenýändir; mön adamlar bolsa ileri geçip, zyýan görýändir» (Süleýmanyň tymsallary 22:3).

     Özüňe şeýle sorag ber: «Howply ýagdaýdan gaça durmak üçin näme oýlap tapdym?»

    Gitmegiň ugruny tap

  •   Belli bir çäkleri goý we olardan çykma. Biri bilen duşuşýan bolsaň, özüňizi nähili alyp barmalydygyňyz barada oýlanyň. Eger ol goýlan çäkleri akylsyz hasaplasa, onda seniň prinsipleriňe hormat goýjak başga birini tapsaň, gowy bolar.

     Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Söýgi... özüni gelşiksiz alyp barýan däldir, öz peýdasyny gözleýän däldir» (1 Korinfliler 13:4, 5).

     Özüňe şeýle sorag ber: «Meniň üçin näme wajyp? Nähili hereket ýerliksiz hasaplanýar?»