Gan goýbermek. Bu barada lukmanlar näme diýýär?
Ençeme ýyl bäri Ýehowanyň Şaýatlary gan goýbertmeýändikleri üçin tankytlanylýar. Olar Mukaddes Ýazgylardaky «gandan... gaça duruň» diýen maslahata esaslansa-da, bu köplenç lukmanlaryň gan goýbermek syrkaw üçin iň gowy bejergi diýen pikirine garşy gelýär (Resullaryň işleri 15:29).
Emma gitdigiçe lukmanlaryň köpüsi gansyz bejergini peýdaly hasaplaýar.
2013-nji ýylyň ýaz aýynda Stanford uniwersitetiniň lukmançylyk fakultetiniň žurnalynda («Stanford Medicine Magazine») gan barada birnäçe makalalar bardy. Olaryň biri «Akymyň garşysyna gitmek. Näme üçin gany seýrek goýberip başladylar?» diýip atlandyryldy. Şol makalany ýazan Sara Wilýams şeýle diýýär: «Soňky ýyllaryň dowamynda geçirilen barlaglara görä, bütin dünýäde keselhanalaryň operasiýa edilýän otaglarynda, näsaglaryň otaglarynda gan goýbermeklik giňden ýaýran, hatda zerur bolmasa-da, gany köp mukdarda goýberip başladylar».
Makalanyň awtory Pensilwaniýadaky «Gansyz medisina we hirurgiýa» merkeziniň düýbüni tutan we onuň direktory hem-de lukmançylyk ylymlarynyň doktory Patrişiýa Fordyň sözlerine salgylanýar. Ford şeýle diýýär: «Eger organizmde ganyň göwrümi ýetmezçilik etse, onda adam ölýär diýlen düşünje medisinada giňden ýaýran. Sebäbi gan adamyň janyny halas edýär... Käbir ýagdaýlarda, hakykatdanam, gan goýbermeli bolýar a, ýöne köplenç syrkawlaryň köpüsine gan gerek bolmaýar».
Her ýyl 700-e golaý Ýehowanyň Şaýady lukmançylyk ylymlarynyň doktory Patrişiýa Forda ýüz tutýar. Ol şeýle diýýär: «Gürrüňdeş bolan lukmanlarymyň köpüsi... köp näsaglara gan goýberilmese, diri galmaz diýip pikir edýärler... Meniň özümem öň şeýle pikir edýärdim. Ýöne şeýle hassalara kömek etmek üçin başga-da ýönekeý usullaryň bardygyna çalt göz ýetirdim».
2012-nji ýylyň awgust aýynda çykan lukmançylyk žurnalynda («Archives of Internal Medicine») bir merkezde 28 ýylyň dowamynda ýüregi operasiýa edilen syrkawlaryň ýagdaýy hakdaky barlaglaryň netijesi çap edildi. Emma Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýagdaýy gan goýberilip operasiýa edilen syrkawlaryňkydan has gowudy. Olar hassahanada ýatan wagty ýagdaýy kän erbetleşmedi, operasiýadan sag-aman çykanynyň sany köpdi we ondan 20 ýyl geçensoň hem olaryň ýagdaýy gowudy.
2013-nji ýylyň 8-nji aprelinde çykan žurnalyň («The Wall Street Journal») bir makalasynda şeýle sözler bardy: «Dini ynançlaryna görä, gan goýbertmekden ýüz öwürýän näsaglara köp ýyllardan bäri gan goýbermän operasiýa edilýär. Emma keselhanalarda köplenç gan goýberilýär... Gansyz operasiýany goldaýan hirurglaryň aýtmagyna görä, bu gany satyn almak, saklamak, gaýtadan işlemek, barlamak hem-de goýbermek bilen bagly çykdajylary azaldýar. Şeýle-de gan arkaly geçýän keselleriň öňüni alýar we syrkaw hassahanada köp wagtlap ýatmaýar».
Kliwlend merkeziniň gan bölüminiň müdiri Robert Lorens şeýle diýýär: «Gan goýbereniňde, syrkawa kömek edýärin diýip pikir edýärsiň... Ýöne köp ýyllaryň dowamynda geçirilen barlaglardan munuň beýle däldigini görse bolýar».
a Ýehowanyň Şaýatlarynyň gana bolan garaýşy barada bilmek üçin, «Köp berilýän soraglar. Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin gan goýbertmeýärler?» diýen makala serediň.