Esasy materiala geçiň

Äht sandygy näme?

Äht sandygy näme?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Äht sandygy gadymy ysraýyl halkynyň Hudaýyň tabşyrygy we buýrugy bilen ýasan mukaddes sandygyny aňladýar. Onuň içinde «Ähtnama», ýagny «ýüzüne buýruklar ýazylan iki sany ýasy daş bölegi» saklanýardy (2 Musa 25:8—10, 16; 31:18).

  •   Gurluşy. Sandygyň uzynlygy 2,5 tirsek, ini we beýikligi 1,5 tirsekdi (uzynlygy 111, ini we beýikligi 67 santimetr). Ol akasiýa agajyndan ýasalyp, içi we daşy altyndandy, daş-töweregine bolsa nagyş salnandy. Sandygyň gapagy sap altyndan ýasalandy, her çetinde bolsa altyndan ýasalan iki sany keruby ýerleşdirilendi. Olaryň ýüzi gapaga bakyp durdy. Ganatlary bolsa ýokary gerlendi we gapagyň üstüne saýa salyp durdy. Sandygyň dört aýagynyň ýokarsynda altyndan ýasalan halkalar bardy. Ony göterip äkider ýaly, şol halkalara akasiýa agajyndan ýasalyp altyna gaplanan uzyn syryklar girizilýärdi (2 Musa 25:10—21; 37:6—9).

  •   Duran ýeri. Äht sandygy başda Hudaýa sežde etmek üçin gurnalan çadyryň iň mukaddes ýerinde durýardy. Çadyr äht sandygy bilen bir wagtda ýasalyp, eýläk-beýläk göçürilýärdi. Ruhanylar hem halk görüp bilmez ýaly, iň mukaddes otag bilen çadyryň daşky otagynyň arasynda tuty bardy (2 Musa 40:3, 21). Ol ýere ýylda bir gezek Günäden saplanma güni diňe baş ruhany girip we äht sandygyny görüp bilýärdi (3 Musa 16:2; Ýewreýler 9:7). Soňra äht sandygy Süleýmanyň guran ybadathanasynyň iň mukaddes otagyna göçürilýär (1 Patyşalar 6:14, 19).

  •   Maksady. Sandykda mukaddes zatlar durýardy. Olar Hudaýyň Sinaý dagynda ysraýyllylar bilen baglaşan ähtini ýatladýardy. Şeýle-de Günäden saplanma güni onuň tutýan orny örän ähmiýetlidi (3 Musa 16:3, 13—17).

  •   Içindäki zatlar. Äht sandygynda başda ýüzüne on tabşyryk ýazylan ýasy daş bölekleri saklanýardy (2 Musa 40:20). Soňra oňa içi mannaly altyndan ýasalan jam we «Harunyň güllän hasasy» hem salynýar (Ýewreýler 9:4; 2 Musa 16:33, 34; 4 Musa 17:10). Emma wagtyň geçmegi bilen, jam we hasa onuň içinden çykarylan bolmaly. Sebäbi Äht sandygy ybadathana göçürilende, olar onuň içinde ýokdy (1 Patyşalar 8:9).

  •   Göçürilişi. Sandygy lewiler akasiýa agajyndan ýasalan syryklaryň kömegi bilen eginlerinde göterýärdiler (4 Musa 7:9; 1 Taryh 15:15). Lewiler sandyga degmez ýaly, syryklary ondan aýyrmaýardylar (2 Musa 25:12—16). Sandygy göçürmeli bolanda, mukaddes otag bilen iň mukaddes otagy «bölüp durýan tuty» bilen onuň üstüni basyrmalydy (4 Musa 4:5, 6) a.

  •   Manysy. Äht sandygy Hudaýyň barlygyny aňladýardy. Meselem, iň mukaddes otagyň içindäki Äht sandygynyň we ysraýyllylaryň çadyrynyň üstünde peýda bolýan bulut Ýehowanyň barlygyny hem-de halkyny patalaýandygyny görkezýärdi (3 Musa 16:2; 4 Musa 10:33—36). Şeýle-de Mukaddes Kitapda Ýehowanyň «kerubileriň üstünde oturandygy» aýdylýar. Bu ýerde Äht sandygynyň üstündäki iki sany kerubiler göz öňünde tutulýar (1 Şamuwel 4:4; Zebur 80:1). Olar Ýehowanyň «arabasyny» aňladýar (1 Taryh 28:18). Äht sandygynyň göçme manysy bolandygy üçin, ol Siona göçürilende, Dawut patyşa Ýehowanyň «Sionda mesgen tutýandygy» barada ýazdy (Zebur 9:11).

  •   Alamaty. Mukaddes Kitapda mukaddes sandyk dürli sözler bilen atlandyrylýar. Mysal üçin: «Äht sandygy», «Rebbiň Äht sandygy» we «Güýjüniň nyşanynyň Äht sandygy» (4 Musa 7:89; Ýuşa 3:6, 13; 2 Taryh 6:41).

     Bir terjimede sandygyň gapagyna «ýaraşdyrma gapagy» diýilýär (1 Taryh 28:11, Korol Ýakowyň terjimesi). Bu jümle Günäden saplanma güni gapagyň belli bir maksat bilen ulanylandygyny görkezýär. Şonda Ysraýylyň baş ruhanysy gurban getirilen mallaryň ganyny Äht sandygynyň gapagynyň üstüne we öňüne sepýärdi. Bu ýaraşdyrma çäresi baş ruhanynyň «özüni, maşgalasyny we bütin ysraýyl halkyny günälerinden saplaýandygyny» görkezýärdi (3 Musa 16:14—17).

Äht sandygy şu günler barmy?

 Onuň bardygyny görkezýän hiç hili subutnama ýok. Mukaddes Kitapda Isanyň töleg gurbany esasynda «täze äht» baglaşylandan soň, Äht sandygynyň gerek bolmajakdygy aýdylýar (Ýermeýa 31:31—33; Ýewreýler 8:13; 12:24). Şeýle-de Mukaddes Kitapda Äht sandygy bolmadyk wagty hem Hudaýyň halkynyň «ony küýsemejekdigi» pygamberlik edildi (Ýermeýa 3:16).

 Ýahýa resula berlen görnüşde täze äht baglaşylandan soň, äht sandygy gökde peýda bolýar (Ylham 11:15, 19). Bu göçme manydaky äht sandygy Hudaýyň barlygyny we onuň «täze ähti» patalaýandygyny suratlandyrýar.

Sandygyň adatdan daşary güýji bardymy?

 Ýok. Äht sandygynyň bolmagy üstünligiň alamaty däldi. Meselem, ysraýyllylar Aý şäherini basyp almaga gidenlerinde, sandyk düşelgededi. Muňa garamazdan, bir ysraýylly adamyň etmişi üçin, olar zyýan çekýärler (Ýuşa 7:1—6). Biraz wagtdan ysraýyllylar piliştlilere garşy söweşde ýany bilen äht sandygyny alyp gitseler-de, ýeňlişe sezewar bolýarlar. Bu Ysraýylyň Hopny bilen Pinehas atly ruhanylarynyň eden erbet işleri üçin bolýar (1 Şamuwel 2:12; 4:1—11). Şu söweşde piliştliler sandygy alyp gidýärler, ýöne ony tä Ysraýyla gaýtaryp berýänçäler, heläkçilige uçraýarlar (1 Şamuwel 5:11—6:5).

Äht sandygynyň taryhy

Ýyllar (b. e. öň)

Wakalar

1513

Ysraýyllylaryň bagyş eden zatlary arkaly Besalel we onuň kömekçileri tarapyndan ýasalýar (2 Musa 25:1, 2; 37:1).

1512

Musa pygamber çadyryň açylyşyny yglan edýär we ruhanylyk hyzmatyny ýola goýýar (2 Musa 40:1—3, 9, 20, 21).

1512—1070-nji ýyldan soň

Bir ýerden başga ýere göçürilýär (Ýuşa 18:1; Serdarlar 20:26, 27; 1 Şamuwel 1:24; 3:3; 6:11—14; 7:1, 2).

1070-nji ýyldan soň

Dawut patyşanyň ýolbaşçylygynda Iýerusalime getirilýär (2 Şamuwel 6:12).

1026

Iýerusalimdäki Süleýmanyň guran ybadathanasyna göçürilýär (1 Patyşalar 8:1, 6).

642

Ýoşyýa patyşanyň ýolbaşçylygynda ybadathana gaýtarylyp getirilýär (2 Taryh 35:3) b.

607-nji ýyldan öň

Ybadathanadan çykarylan bolmaly. B. e. öň 607-nji ýylda ybadathana weýran edilenden soň, Wawilona äkidilen we soňra Iýerusalime gaýtaryp getirilen zatlaryň arasynda Äht sandygy agzalmaýar (2 Patyşalar 25:13—17; Hydyr 1:7—11).

63

Rim generaly Pompeý Iýerusalimi basyp alyp, ybadathananyň iň mukaddes otagyna girende, onuň ýokdugy belli boldy c.

a Ysraýyllylar Äht sandygyny göçürmek we onuň üstüni basyrmak babatda Hudaýyň beren kanunyna gulak asmanlarynda, köp pajygaly ýagdaýlara uçradylar (1 Şamuwel 6:19; 2 Şamuwel 6:2—7).

b Mukaddes Kitapda onuň haçan, näme üçin we kim tarapyndan äkidilendigi aýdylmaýar.

c «The Histories, by Tacitus», 5-nji kitabyň 9-njy sahypasyna serediň.