Ýer ýok bolarmy?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Ýok, Ýer şary hiç haçan ýok edilmez, ýanyp kül bolmaz ýa-da başga bir ýerde ýaşaýyş bolmaz. Mukaddes Kitapda Allatagalanyň ýeri hemişelik ýaşamak üçin ýaradandygy aýdylýar.
«Dogruçyl adam ýeri miras alar, onda ebedi ýaşar» (Zebur 37:29).
«Ol (Hudaý) ýeriň düýbüni tutdy, Ýer hiç haçan sarsmaz» (Zebur 104:5).
«Ýer ebedi durar» (Nesihat 1:4).
«Men... Ýeri ýaratdym, şekil berdim we berkitdim, Ýeri biderek ýere däl, ýaşaýyş üçin ýaratdym» (Işaýa 45:18).
Adamlar ýeri ýok edip bilermi?
Häzir uruş, hapaçylyk sebäpli adamlar ýer ýüzüni zaýalaýar. Emma Hudaý ýeriň bütinleý ýok bolmagyna hiç haçan ýol bermez. Ol «ýer ýüzüni dargadýanlary» ýok eder (Ylham 11:18). Muny nädip eder?
Tizden ýere zyýan ýetirýän hökümetleriň deregine, Hudaýyň gökdäki Patyşalygy höküm sürüp başlar (Danyýar 2:44; Matta 6:9, 10). Onuň patyşasy Isa Mesih bolar (Işaýa 9:6, 7). Isa ýerde ýaşanda, tebigata aýdanyny etdirip bilýändigini görkezdi (Markus 4:35—41). Gelejekde Ýer we ondaky ähli zatlar Hudaýyň Patyşalygynyň patyşasy Isanyň ygtyýarynda bolar. Ol ýer ýüzüni dikeldip, başdaky Erem bagy ýaly eder (Matta 19:28; Luka 23:43).
Mukaddes Kitapda ýer ýanyp kül bolar diýip aýdylýarmy?
Ýok. Käbir adamlar 2 Petrus 3:7-däki: «Häzirki asman we ýer... ot üçin... saklanýar» diýen sözlere ýalňyş düşünýärler. Şol sözleriň manysyna düşünmäge iki zat kömek edýär.
Mukaddes Kitapdaky «gök», «asman», «ýer» we «ot» diýen sözleriň giň manysy bar. Meselem, Zebur 97:1-de: «Goý, ýer ýüzi şatlansyn!» diýilýär. Şu aýatda «ýer ýüzi» diýlende, adamlar göz öňünde tutulýar.
2 Petrus 3:7-nji aýada düşünmäge öňündäki we soňundaky aýatlar kömek edýär. 5, 6-njy aýatlaryň parallel aýatlarynda Nuh pygamberiň döwründäki Tupan hakda aýdylýar. Şonda gadymy dünýä ýok edilipdi, ýöne Ýer şary ýok bolup gitmedi. Tupanda «ýer ýüzi», ýagny erbet adamlar heläk boldy (1 Musa 6:11). Şeýle-de «asmana» deňelýän ýer ýüzündäki hökümetler ýok edildi. Diýmek, Ýer şary däl-de, diňe erbet adamlar ýok boldy. Tupanda diňe Nuh bilen maşgalasy halas boldy (1 Musa 8:15—18).
Tupanda erbet adamlaryň heläk bolşy ýaly, 2 Petrus 3:7-däki «ot» hem Ýer şaryny däl-de, ýer ýüzündäki erbet adamlary ýok eder. Hudaý «adalatlylyk höküm sürjek» «täze gökleri we täze ýeri» wada berýär (2 Petrus 3:13). «Täze gök», ýagny Hudaýyň Patyşalygy «täze ýeriň», ýagny adamlaryň üstünden höküm sürer. Hudaýyň Patyşalygy höküm sürende, ýer ýüzi Jennet bolar, adamlar parahatlykda ýaşarlar (Ylham 21:1—4).