Hudaý pikirini üýtgedýärmi?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Hawa. Adam erbet ýolundan dönse, Hudaýyň oňa bolan garaýşy üýtgeýär. Meselem, Hudaý gadymy ysraýyl halkyna höküm çykaranda, şeýle diýdi: «Belki, diňlärler we ýaman ýollaryndan dönerler. Şonda Men hem olaryň pis işleri zerarly başlaryndan betbagtlyk indermek niýetimden el çekerin» (Ýermeýa 26:3).
Mukaddes Kitabyň köp terjimelerinde şu aýatdaky «niýetimden el çekerin» jümlesine derek «ökünerin» diýen söz ulanylýar. Göräýmäge, Hudaý höküm çykaranda, ýalňyşandyr öýdýärsiň. Emma Ýazgylaryň asyl nusgasynda şu aýatda ulanylan söz «pikiriňi ýa-da niýetiňi üýtgetmek» diýen manyny berýär. Bir alym muny şeýle düşündirýär: «Adam özüni alyp barşyny özgerdende, Hudaý hem çykaran hökümini üýtgedýär».
Elbetde, Hudaýyň pikirini üýtgedip bilýändigi onuň muny etmäge borçludygyny aňlatmaýar. Geliň, Mukaddes Kitapdan Hudaýyň pikirini üýtgetmändigi barada birnäçe mysala seredeliň:
Hudaý Ballaga Öz pikirini üýtgetmäge we ysraýyl halkyny näletlemäge ýol bermedi (4 Musa 23:18—20).
Ysraýyl patyşasy Şawul bilgeşleýin erbet ýola düşende, Hudaý ony inkär etdi we pikirini üýtgetmedi (1 Şamuwel 15:28, 29).
Hudaý Ogluny ebedilik ruhany etjekdigini söz berdi we ol sözünden dänmez (Zebur 110:4).
Mukaddes Kitapda Hudaý «üýtgeýän däldir» diýilmeýärmi?
Elbetde, diýilýär. Mukaddes Kitapda Hudaý özi barada şeýle diýdi: «Men Rebdirin, üýtgeýän däldirin» (Melek 3:6). Şeýle-de: «Hudaý kölege ýaly üýtgäp durýan däldir» diýilýär (Ýakup 1:17). Emma bu aýatlar Hudaýyň pikirini üýtgedip bilýändigine garşy gelmeýär. Hudaý üýtgemeýär diýlende, onuň häsiýetleriniň, söýgä we adalata esaslanan kadalarynyň üýtgemeýändigini görkezýär (5 Musa 32:4; 1 Ýahýa 4:8). Hudaý dürli wagtda dürli görkezmeleri berýär. Mysal üçin, Ol Dawut patyşa birmeňzeş ýagdaýda dürli görkezmeleri berse-de, olaryň ikisi hem üstünlige getirdi (2 Şamuwel 5:18—25).
Hudaý adamlary ýaradandygyna ökünýärmi?
Ýok. Elbetde, Hudaý adamlaryň köpüsiniň Özüni inkär edendigine ýa-da daşlaşandygyna gaty gynanýar. Mukaddes Kitapda Nuhuň tupanynyň öň ýanyndaky ýagdaý barada şeýle diýilýär: «Ol adamzady ýaradandygyna ökündi we ýürekden gynandy» (1 Musa 6:6). Bu aýatdaky ýewreý dilinden «ökündi» diýip terjime edilen söz «pikiriňi üýtgetmek» diýmegi aňladýar. Hudaý Tupanyň öň ýanynda ýaşan adamlar baradaky pikirini üýtgetdi, sebäbi olar gaty erbet işleri edýärdiler (1 Musa 6:5, 11). Olaryň saýlan ýoly Hudaýy gynandyrsa-da, Ol tutuş adamzada bolan garaýşyny üýtgetmedi. Ol Tupanda diňe Nuh pygamberi we onuň öý-içerisini halas edip, ynsan maşgalasyny gorady (1 Musa 8:21; 2 Petrus 2:5, 9).