Ahlaksyzlyga iterjek bolanlarynda, özümi nädip gorap bilerin?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Geliň, bu babatda Mukaddes Kitapdan käbir peýdaly maslahatlara seredeliň.
Çäkden çykmaň. Işdeşleriňiz bilen özüňizi mähirli we hormatly alyp baryň. Emma ýakyn gatnaşykdan gaça duruň, ýogsam, olaryň näz-kereşmesini kabul edýän ýaly görnersiňiz (Matta 10:16; Koloslylar 4:6).
Salykatly geýniň. Has açyk ýa-da dar egin-eşik işdeşleriň ünsüni çeker. Mukaddes Kitapda «salykatly egin-eşik we sagdyn düşünje bilen» geýinmek maslahat berilýär (1 Timoteos 2:9).
Dostlary paýhasly saýlaň. Eger siz näz-kereşmäni kabul edýän ýa-da lak atylanda halaýan adam bilen dostlaşsaňyz, iru-giç özüňiz hem şeýle ýagdaýa düşersiňiz (Nakyllar 13:20).
Ýerliksiz gürrüňlerden gaça duruň. Eger ýönekeý gürrüňdeşlik utançsyz, ýerliksiz ýa-da ýaramaz degişmelere ýazsa, ol ýerden gidiň (Efesliler 5:4).
Ahlaksyzlyga eltip biljek ýagdaýlardan saklanyň. Meselem, sebäpsiz ýere işden soň galmagy teklip etseler, razylaşmaň (Nakyllar 22:3).
Berk boluň we ýygralyk etmäň. Biri ahlaksyzlyga iterjek bolsa, onuň özüni alyp barşynyň size ýaramaýandygyny gös-göni aýdyň (1 Korinfliler 14:9). Meselem, siz: «Maňa golaý gelmäň, men özümi oňaýsyz duýýaryn» diýip bilersiňiz. Ýa-da şeýle adama hat ýazyp, nämäniň bolandygyny, özüňizi nähili duýandygyňyzy we näme etjekdigiňizi aýdyň. Özüňizi alyp barşyňyz bilen ýokary ahlak prinsiplerine eýerýändigiňizi we berk dini ynançlaryňyzyň bardygyny görkeziň (1 Selanikliler 4:3-5).
Kömek soraň. Eger adam ahlaksyzlyga itermegini bes etmese, onda uly ýaşly ynamdar dostuňyza, maşgala agzalaryňyzdan birine, işdeşiňize ýa-da şeýle ýagdaýda kömek bermäge tejribesi bolan başga birine gürrüň beriň (Nakyllar 27:9). Şeýle ýagdaýa uçran adamlaryň köpüsi Hudaýa doga edip, teselli tapýarlar. Öň doga etmedik bolsaňyz hem, «teselliler Hudaýy» bolan Ýehowanyň kömek berjekdigine şübhelenmän bilersiňiz (2 Korinfliler 1:3).
Millionlarça adamlar iş ýerinde şeýle ýagdaýa uçraýarlar. Olar Mukaddes Kitapdan kömek tapyp biler.