Mukaddes Kitap maşgalanyň bagtly bolmagyna kömek edip bilermi?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Elbetde, kömek edip biler. Geliň, Mukaddes Kitapdan millionlarça adamlara maşgalasyny bagtly etmäge kömek eden käbir maslahatlara seredeliň:
Nikaňyzy kanun taýdan resmileşdiriň. Nikany kanun taýdan resmileşdirmek är-aýaly jogapkär edýär. Şeýle jogapkärçilik bolsa maşgalanyň bagtly bolmagyna ýardam edýär (Matta 19:4—6)
Bir-biriňizi söýüp, hormat goýuň. Diýmek, özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, ýanýoldaşyňyza hem şeýle ediň (Matta 7:12; Efesliler 5:23, 33)
Göwnedegiji sözleri aýtmaň. Ýanýoldaşyňyz özüni gödek alyp baryp, göwnedegiji sözleri aýtsa-da, siz onuň bilen mähirli gürleşiň (Efesliler 4:31, 32). Nakyllar 15:1-de: «Ýumşak jogap gahary ýatyrýandyr; gaty söz bolsa gazaby oýarýandyr» diýilýär.
Bir-biriňize wepaly boluň. Yşk duýgusy we jynsy höwesler diňe ýanýoldaşyňyza bolmaly (Matta 5:28) Injilde, «Goý, hemmeler nika hormat goýsun. Är-aýal bir-birine ikilik etmesin» diýilýär (Ýewreýler 13:4).
Çagalaryňyzy söýgi bilen terbiýeläň. Olary aşa läliksiretmäň we özüňizi gödek alyp barmaň (Nakyllar 29:15; Koloslylar 3:21).