Dowamly keselden ejir çekýän bolsam Mukaddes Kitap kömek edermi?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Hawa. Hudaý ýarawsyz gullukçylarynyň hem aladasyny edýär. Mukades Ýazgylarda Hudaýyň wepaly gullukçylary barada şeýle diýilýär: «Hassalyk düşeginde Reb ony söýgetlär» (Zebur 41:3). Sizem dowamly keselden ejir çekýän bolsaňyz, aşakdaky üç ädim muňa döz gelmäge kömek eder:
Çydamly bolmak üçin güýç soramak. Siz «ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygyny» gazanarsyňyz. Bu size berkemäge we keseliňiz barada aşa köp alada etmezlige kömek eder (Filipililer 4:6, 7).
Dogry garaýşy saklamak. Mukaddes Kitapda: «Şadyýan ýürek oňat şypadyr; synyk ruh bolsa süňkleri guradýandyr» diýilýär (Nakyllar 17:22). Degişmegi unutmaň. Bu diňe bir aladalaryňyzy ýeňmäge kömek etmän, eýsem saglygyňyza-da gowy täsir eder.
Gelejege bolan umydyňy berkitmek. Gelejege bolan umyt dowamly keselden ejir çekýändigiňize garamazdan, size şatlyk berer (Rimliler 12:12). Mukaddes Kitapda tizden hiç bir adamyň: «Men syrkaw» diýmejekdigi pygamberlik edilýär (Işaýa 33:24). Şonda Hudaý häzirki ylmyň bejerip bilmedik dowamly kesellerini bejerer. Meselem, Mukaddes Kitapda garry adamlaryň täzeden ýaş we sagdyn boljakdygy barada şeýle diýilýär: «Goý, onuň teni çaganyňky kimin täzelensin, ol ýaşlyk döwrüne dolanyp barsyn» (Eýýup 33:25).
Bellik: Ýehowanyň Şaýatlary ähli zatda Hudaýyň kömegine bil baglasa-da, dowamly keselden ejir çekenlerinde lukmanlara ýüz tutup, bejergi alýarlar (Markus 2:17). Elbetde, biz belli bir bejergini almagy makullamasakda, bu meselede her bir adamyň özüniň karara gelýändigini unutmaýarys.