«Gök» näme?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Mukaddes Kitapda «gök» sözi üç manyda ulanylýar: 1) asman, 2) Hudaýyň we perişdeleriň ýaşaýan ýeri we 3) ýokary ýa-da beýik derejäni görkezýän nyşan. Olaryň haýsy manyda gelýändigini kontekst boýunça düşünse bolýar a.
Asman. Asman diýlende, şemal we ýel öwüsýän, guşlaryň uçýan, ýyldyrym çakýan, ýagyş hem-de gar ýagdyrýan bulutlaryň ýerleşýän ýeri göz öňünde tutulýar (Zebur 78:26; Nakyllar 30:19; Işaýa 55:10; Luka 17:24). Şeýle-de älem-jahany we «Gün, Aý, ýyldyzlar» ýaly ähli asman jisimleriniň bolýan ýerini aňladýar (5 Musa 4:19; 1 Musa 1:1).
Hudaýyň we perişdeleriň ýaşaýan ýeri. «Gök» diýlende, Hudaýyň we perişdeleriň ýaşaýan ýeri hem göz öňünde tutulýar. Ol älem-jahandan has beýik hasaplanýar (1 Patyşalar 8:27; Ýahýa 6:38). Şeýle gökde «ruhy Şahsyýet» bolan Ýehowa we onuň ýaradan perişdeleri mesgen tutýar (Ýahýa 4:24; Matta 24:36). Käte bolsa «gök» diýlende, Hudaýyň wepaly perişdeleri, ýagny «mukaddesleriň... ýygnagy» göz öňünde tutulýar. (Zebur 89:5—7).
Mukaddes Kitapda «gök» Ýehowanyň mesgen tutýan aýratyn ýerini hem aňladýar (1 Patyşalar 8:43, 49; Ýewreýler 9:24; Ylham 13:6). Meselem, Mukaddes Kitapda Şeýtan we jynlaryň gökden kowlandygy barada pygamberlik edilen. Olar gaýdyp Ýehowanyň ýanyna baryp bilmese-de, gökde galýarlar (Ylham 12:7—9, 12).
Ýokary ýa-da beýik derejäni görkezýän nyşan. Mukaddes Kitapda «gökler» sözi beýik dereje, esasan-da, hökümdarlyk ygtyýary bilen bagly ulanylýar. Aşakda şeýle derejäni kimiň eýeläp bilýändigi görkezilen:
Älem jahanyň Hökümdary Ýehowa Hudaý (2 Taryh 32:20; Luka 15:21).
Ynsan hökümetiniň ýerine geljek Hudaýyň Patyşalygy. Mukaddes Kitapda bu Patyşalyga «täze gökler» diýilýär (Işaýa 65:17; 66:22; 2 Petrus 3:13) b.
Göge gitmäge umyt edýän ýer ýüzündäki mesihçiler (Efesliler 2:6).
Raýatlarynyň üstünden höküm sürýän ynsan hökümetleri (Işaýa 14:12—14; Danyýar 4:20—22; 2 Petrus 3:7).
Dünýäniň üstünden höküm sürýän zalym perişdeler (Efesliler 6:12; 1 Ýahýa 5:19).
Mukaddes Kitapda gökler nähili suratlandyrylýar?
Gökde köp iş edilýär. Ol ýerde millionlarça perişdeler Ýehowanyň «sözüni berjaý edýärler» (Zebur 103:20, 21; Danyýar 7:10).
Mukaddes Kitapda gögüň göwher daşy deýin öwşün atýandygy barada aýdylýar (1 Timoteos 6:15, 16). Hyzkyl pygamber görnüşde gögüň «şöhle saçyp durandygyny», Danyýar pygamber bolsa onuň «bir otly çeşme» ýaly akýandygyny görýär (Hyzkyl 1:26—28; Danyýar 7:9, 10). Bu gögüň mukaddes, ýagny arassa we owadandygyny görkezýär (Zebur 96:6; Işaýa 63:15; Ylham 4:2, 3).
Mukaddes Kitapdaky gögi suratlandyrýan zatlar hakynda okanyňda, iniň tikenekleýär (Hyzkyl 43:2, 3). Muňa garamazdan, adamlar gökde bolup geçýän zatlary doly göz öňüne getirip bilmeýärler. Sebäbi ol biziň düşünjämizden has ýokary.
a «Gök» diýip terjime edilen ýewreý sözi ýokary ýa-da beýik sözünden alnan bolmaly (Nakyllar 25:3). «The New Brown, Driver, and Briggs Hebrew and English Lexicon of the Old Testament» diýen sözlügiň 1029-njy sahypasyna serediň.
b Makklintogyň we Strongyň ensiklopediýasynda Işaýa 65:17-däki «täze gök» «täze hökümet, täze patyşalyk» diýip düşündirilýär (IV tom 122-nji sahypa).