Heýkellere ýa-da suratlara sežde etmek dogrumy?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Ýok, nädogry. Hudaýyň ysraýyl halkyna beren kanuny barada «Täze katolik ensiklopediýasynda» şeýle diýilýär: «Mukaddes Kitapdaky ençeme aýatlardan görnüşi ýaly, Hudaýa edilýän hakyky seždede heýkeller ýa-da suratlar ulanylmandyr». Geliň, bu babatda birnäçe aýatlara seredeliň.
«Özüň üçin ýokarda gökde, aşakda ýerde ýa-da ýerasty suwlarda ýaşaýan zatlaryň hiç birine meňzeş şekilde but ýasama. Sen olara tagzym etme ýa-da olara gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb gabanjaň Hudaýdyryn» (2 Musa 20:4, 5). Hudaý doly wepalylygy talap edýär. Ol şekillere, heýkellere, şol sanda butlara we şoňa meňzeş zatlara sežde etmekligi ýigrenýär.
«Şöhratymy... butlara bermerin» (Işaýa 42:8). Suratlar arkaly sežde etmekligi Hudaý halamaýar. Ysraýyllylaryň käbiri göle ýasap, oňa sežde edenlerinde, Hudaý olaryň «azgynçylyga ýüz urandyklaryny» aýtdy (2 Musa 32:7—9).
«Hudaýa ynsanyň altyndan, kümüşden ýa-da daşdan ýasan we bejeren şekilidir öýtmeli däl» (Resullar 17:29). Ýalan taňrylara sežde edilende, «ynsanyň... ýasan we bejeren şekilleri» ulanylýar. Emma biz olardan tapawutlylykda, Mukaddes Kitabyň tabşyrygyna eýerip, «görünýän zatlar arkaly däl-de, iman arkaly ýaşamalydyrys» (2 Korinfliler 5:7).
«Özüňizi butlardan goraň» (1 Ýahýa 5:21). Suratlar ýa-da butlar arkaly sežde etmegi Hudaýa ýaraýan ýaly edip görkezýän taglymatlar Mukaddes Kitapda gönüden-göni paş edilýär. Muny Hudaýyň ysraýyllylara we mesihçilere beren tabşyryklaryndan aýdyň görse bolýar.