Ähli horluklar Şeýtandanmy?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Mukaddes Kitapda Şeýtan Iblisiň, hakykatdanam, bardygy we güýçli jenaýatçy ýaly, ýalan «alamatlar» hem-de «hile bilen» öz erbet niýetlerini amala aşyrýandygy, hatda «nur perişdesiniňem keşbine girýändigi» aýdylýar (2 Selanikliler 2:9, 10; 2 Korinfliler 11:14). Şeýtanyň bardygy onuň adamlara ýetirýän zyýanlaryndan hem görünýär.
Emma ähli horluklara Şeýtan günäkär diýsek nädogry bolar. Näme üçin? Hudaý adamlara dogry ýa-da erbet ýoly saýlamaga erkinlik berdi (Ýuşa 24:15). Biz nädogry hereket etsek, onuň erbet netijesini görmeli bolýarys (Galatýalylar 6:7, 8).