Hudaý ähli zady ewolýusiýa arkaly ýaratdymy?
Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
Mukaddes Kitapda Hudaýyň adamzady, «her hili» haýwanlary we ösümlikleri ýaradandygy aýdylýar a (1 Musa 1:12, 21, 25, 27, çykgytlar; Ylham 4:11). Adamlar ilkinji ynsan Adam ata bilen How eneden döredi (1 Musa 3:20; 4:1). Mukaddes Kitabyň hiç ýerinde Hudaýyň her dürli janly-jandarlary ewolýusiýa arkaly ýaradandygy barada aýdylmaýar. Käte oňa seistik ewolýusiýa hem diýilýär. Elbetde, Mukaddes Kitapda janly organizmleriň bir görnüşinden köp görnüşiň emele gelip bilýändigine garşy hiç zat aýdylmaýar b.
Hudaý ewolýusiýa arkaly ýaratdymy?
«Seistik ewolýusiýa» taglymatyna ynanýan adamlar ýaşaýşyň her dürli ýol bilen dörändigine ynanýarlar. Bir kitapda aýdylmagyna görä, seistik ewolýusiýa «Hudaý tebigaty döredensoň, ähli zada tebigy seçilme (ejizleri ölüp, güýçlüleri ýaşaýar) arkaly gözegçilik edýär» diýip öwredýär («Encyclopædia Britannica»).
Seistik ewolýusiýa şu düşünjeleri öz içine alýar:
Ähli janly organizmler bir görnüşden gelip çykdy.
Bir görnüş käte düýbünden başga bir görnüşe öwrülýär. Muňa makroewolýusiýa diýilýär. Meselem, maýmyndan adamlar döreýär.
Janly organizmleriň üýtgemegine Hudaý gözegçilik edýär.
Ewolýusiýa taglymaty Mukaddes Kitaba gabat gelýärmi?
Seistik ewolýusiýa ynanýan adamlar Mukaddes Kitapdaky ýaradylyş barada aýdylanlary nädogry hasaplaýar. Ýöne Isa pygamber ýaradylyş barada aýdanda 1 Musa kitabyna salgylandy (1 Musa 1:26, 27; 2:18—24; Matta 19:4—6). Mukaddes Kitapda Isanyň gökde wagty Hudaýa «ähli zady» ýaratmaga kömek edendigi aýdylýar (Ýahýa 1:3). Şonuň üçin Hudaýyň her dürli janly organizmleri ewolýusiýa arkaly ýaradandygy baradaky düşünje Mukaddes Kitaba gabat gelmeýär.
Ösümlikleriň sapylmagy, haýwanlaryň çaknyşdyrylmagy barada näme diýilýär?
Mukaddes Kitapda bir görnüşde nähili üýtgeşmeleriň bolýandygy anyk düşündirilmeýär. Onda dürli görnüşli ösümlikleriň sapylmagy, dürli görnüşli haýwanlaryň çaknyşdyrylmagy netijesinde başga bir görnüşiň emele gelýändigine garşy hiç zat aýdylmaýar. Käbir adamlar şeýle üýtgeşmeleriň hem ewolýusiýanyň esasynda bolýandygyny aýdýarlar. Ýöne ondan täze bir janly organizm emele gelmeýär.