Alymlar Isa pygamberiň ýaşap geçendigine ynanýarlarmy?
Alymlaryň Isa pygamberiň ýaşap geçendigine ynanmagyna degerli sebäpler bar. «Britan ensiklopediýasynyň» 2002-nji ýylda çykan neşirinde I we II asyrdaky taryhçylaryň Isa pygamber hem-de şol döwürde ýaşan mesihçiler babatdaky maglumatlary hakda şeýle diýilýär: «Bu maglumatlar gadymy döwürde mesihçilere garşy çykan adamlaryňam Isanyň ýaşap geçendigine asla şübhelenmändigini görkezýär. Emma hiç hili degerli sebäp bolmasa-da, Isanyň, hakykatdanam, ýaşap geçendigine XVIII asyryň ahyrynda, XIX asyrda we XX asyryň başlarynda şübhelenip başladylar».
2006-njy ýylda çykan «Isa we arheologiýa» atly kitapda bolsa şeýle diýilýär: «Şu günler tanymal alymlaryň hiç biri Ýusubyň ogly bolan Isa atly ýewreýiň ýaşap geçendigine şübhelenmeýär. Olaryň köpüsi Isanyň eden işleri we öwreden taglymatlary barada biziň has köp zatlary bilýändigimizi boýun alýarlar».
Mukaddes Kitapda Isa pygamberiň, hakykatdanam, ýaşap geçendigi aýdylýar. Ýazgylarda onuň ata-babalarynyň we ýakyn dogan-garyndaşlarynyň ady bar (Matta 1:1; 13:55). Onda Isanyň ýaşan döwründe höküm süren at-abraýly ýolbaşçylaryň ady hem ýazylan (Luka 3:1, 2). Alymlar bu jikme-jiklikleriň esasynda Mukaddes Kitapdaky wakalaryň dogrulygyny barlap bilýärler.