Isa pygamber ýöne bir gowy adamdymy?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Isa pygamber ýöne bir gowy adam däldi. Ol adamzat taryhyna iň güýçli täsir eden adamdy. Geliň, ady belli taryhçylaryň we ýazyjylaryň Isa barada aýdan sözlerine seredeliň.
«Nazaretli Isa... taryhda öçmejek yz galdyran adamdyr» (Iňlis taryhçysy H. G. Uels).
«Isanyň durmuşy biziň planetamyzda ýaşap geçen adamlaryň içinde iň ähmiýetlisidir, onuň täsiri henize çenli hem gowşaman, ýyldan-ýyla berkeýär» (Amerikan taryhçysy we ýazyjysy Kennet Skot Laturet).
Mukaddes Kitapda Isanyň taryhda ýaşap geçen islendik gowy adamdan hem näme üçin beýikdigi düşündirilýär. Isa öz şägirtlerinden: «Siz maňa kim diýýärsiňiz?» diýip soranda, olaryň biri: «Sen diri Hudaýyň Ogly Mesihsiň» diýip jogap berdi. Hawa, onuň aýdanlary diýseň dogrudy (Matta 16:16).