Esasy materiala geçiň

Pygamberlikler Isanyň Mesihdigini subut edýärmi?

Pygamberlikler Isanyň Mesihdigini subut edýärmi?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Isa ýer ýüzünde ýaşanda, «dünýäniň halasgäri» Mesih baradaky köp pygamberlikleri ýerine ýetirdi (Danyýar 9:25; 1 Ýahýa 4:14). Ol hatda direlensoňam, Mesih baradaky pygamberlikleri ýerine ýetirmegini dowam etdi (Zebur 110:1; Resullar 2:34—36).

 «Mesih» diýmek näme?

 «Mesih» diýen söz ýewreýçe «Mashiach», grekçe «Khristos» diýilýär we «saýlanan, bellenen» diýmegi aňladýar. Şonuň üçinem «Isa Mesih» diýen at onuň Hudaý tarapyn saýlanandygyny, bellenendigini görkezýär.

 Gadymy döwürlerde birini ýokary wezipä bellänlerinde, köplenç başyna ýag guýýardylar (3 Musa 8:12; 1 Şamuwel 16:13). Isanyň hem Hudaý tarapyn Mesih edilip bellenmegi beýik ornunyň bardygyny görkezýär (Resullar 2:36). Elbetde, Isanyň başyna ýag guýulmasa-da, Hudaý ony mukaddes ruhy bilen belledi (Matta 3:16).

 Mesih hakdaky pygamberlikler köp adamda ýerine ýetmelimi?

 Her bir adamyň öz barmak yzy bar, şondan onuň kimdigini anyklap bolýar. Şonuň ýaly pygamberliklerden Mesihiň bir adamdygyny we pygamberlikleriň diňe onda ýerine ýetendigini bilip bolýar. Emma Mukaddes Kitapda «ýalan Mesihleriň we ýalan pygamberleriň dörejekdigi» hem-de «saýlananlary-da aldamak üçin uly alamatlary we gudratlary görkezjekdigi» aýdylýar (Matta 24:24).

 Mesih indi gelmelimi?

 Mukaddes Kitapda Mesihiň Ysraýyl patyşasy Dawudyň neslinden bolmalydygy aýdylypdy (Zebur 89:3, 4). Ýöne b. e. 70-nji ýylynda rimliler Iýerusalimi weýran edende, Dawut patyşanyň nesil daragty baradaky maglumatlar hem ýok edildi a. Şondan soň hiç kim özüniň Dawut patyşanyň neslindendigini subut edip bilmeýär. Ýöne şol nesil daragty baradaky maglumatlar Isanyň günlerinde bardy. Şonuň üçin Isanyň duşmanlary onuň Dawudyň neslinden dörändigini inkär edip bilmediler (Matta 22:41—46).

 Mukaddes Kitapda Mesih barada näçe pygamberlik bar?

 Elbetde, näçe pygamberligiň bardygyny anyk aýdyp bolmaýar. Pygamberlikleri her dürli sanap bolýar. Mysal üçin, Işaýa 53:2—7-nji aýatlarda Mesih barada birnäçe pygamberlik aýdylan. Käbirleri şu aýatlarda bir pygamberlik, başgalar bolsa birnäçe pygamberlik bar diýmekleri mümkin.

 Isada ýerine ýeten käbir pygamberlikler

Pygamberlik

Ýazylan kitaby

Ýerine ýetişi

Ybraýym pygamberiň neslinden

1 Musa 22:17, 18

Matta 1:1

Ybraýym pygamberiň ogly Yshagyň neslinden

1 Musa 17:19

Matta 1:2

Ysraýylyň ýahuda taýpasyndan

1 Musa 49:10

Matta 1:1, 3

Dawut patyşanyň neslinden

Işaýa 9:7

Matta 1:1

Päk gyzdan dogulýar

Işaýa 7:14

Matta 1:18, 22, 23

Beýtullahamda dogulýar

Mikaý 5:2

Matta 2:1, 5, 6

Adyna Emanuwel dakýarlar b

Işaýa 7:14

Matta 1:21—23

Garyp maşgalada dogulýar

Işaýa 53:2

Luka 2:7

Doglansoň, bäbekler öldürilýär

Ýermeýa 31:15

Matta 2:16—18

Müsürden çagyrylýar

Hoşeýa 11:1

Matta 2:13—15

Nazaretli diýýärler c

Işaýa 11:1

Matta 2:23

Öňünden habarçy gelýär

Melek 3:1

Matta 11:7—10

B. e. 29-njy ýylynda Mesih edip bellenýär d

Danyýar 9:25

Matta 3:13—17

Hudaýyň Ogly diýip tanalýar

Zebur 2:7

Resullar 13:33, 34

Hudaýyň öýüne yhlasly bolýar

Zebur 69:9

Ýahýa 2:13—17

Hoş habar aýdýar

Işaýa 61:1

Luka 4:16—21

Jelilede güýçli ýagtylyk görünýär

Işaýa 9:1, 2

Matta 4:13—16

Musa pygamber ýaly gudratlary görkezýär

5 Musa 18:15

Resullar 2:22

Musa pygamber ýaly Allatagalanyň sözlerini aýdýar

5 Musa 18:18, 19

Ýahýa 12:49

Kesel adamlary sagaldýar

Işaýa 53:4

Matta 8:16, 17

Özüni öwüp, arşa galdyrmaýar

Işaýa 42:2

Matta 12:17, 19

Dertdeş bolýar

Işaýa 42:3

Matta 12:9—20; Markus 6:34

Hudaý ýaly adalatly bolýar

Işaýa 42:1, 4

Matta 12:17—20

Akyldar maslahatçy

Işaýa 9:6, 7

Ýahýa 6:68

Hudaýyň adyny şöhratlandyrýar

Zebur 22:22

Ýahýa 17:6

Mysallar arkaly öwredýär

Zebur 78:2

Matta 13:34, 35

Baştutan bolýar

Danyýar 9:25

Matta 23:10

Köp adamlar oňa iman etmeýär

Işaýa 53:1

Ýahýa 12:37, 38

Büdredýän daş bolýar

Işaýa 8:14, 15

Matta 21:42—44

Adamlar ondan ýüz öwürýär

Zebur 118:22, 23

Resullar 4:10, 11

Sebäpsiz ýere ýigrenýärler

Zebur 69:4

Ýahýa 15:24, 25

Dabara bilen taýharly Iýerusalime girýär

Zekerýa 9:9

Matta 21:4—9

Çagalar alkyş aýdýar

Zebur 8:2

Matta 21:15, 16

Ýehowanyň adyndan gelýär

Zebur 118:26

Ýahýa 12:12, 13

Dosty dönüklik edýär

Zebur 41:9

Ýahýa 13:18

30 kümüş teňňä satylýar e

Zekerýa 11:12, 13

Matta 26:14—16; 27:3—10

Dostlary taşlap gidýär

Zekerýa 13:7

Matta 26:31, 56

Ýalan şaýatlar töhmet atýar

Zebur 35:11

Matta 26:59—61

Töhmet atanlarynda sesini çykarmaýar

Işaýa 53:7

Matta 27:12—14

Ýüzüne tüýkürýärler

Işaýa 50:6

Matta 26:67; 27:27, 30

Kellesine taýak bilen urýarlar

Mikaý 5:1

Markus 15:19

Gamçylaýarlar

Işaýa 50:6

Ýahýa 19:1

Uranlarynda garşylyk görkezmeýär

Işaýa 50:6

Ýahýa 18:22, 23

Hökümdarlar dil düwüşýär

Zebur 2:2

Luka 23:10—12

El-aýagyny pürse çüýleýärler

Zebur 22:16

Matta 27:35; Ýahýa 20:25

Eşigi üçin bije atýarlar

Zebur 22:18

Ýahýa 19:23, 24

Jenaýatçy hasaplaýarlar

Işaýa 53:12

Matta 27:38

Kemsidip, üstünden gülýärler

Zebur 22:7, 8

Matta 27:39—43

Günäkärler üçin ejir çekýär

Işaýa 53:5, 6

1 Petrus 2:23—25

Hudaý taşlan ýaly bolýar

Zebur 22:1

Markus 15:34

Ajy şerap berýärler

Zebur 69:21

Matta 27:34

Ölmezinden öň suwsaýar

Zebur 22:15

Ýahýa 19:28, 29

Janyny Hudaýa ynanýar

Zebur 31:5

Luka 23:46

Jan berýär

Işaýa 53:12

Markus 15:37

Günäni aýyrmak üçin janyny gurban berýär

Işaýa 53:12

Matta 20:28

Süňkleri döwülmeýär

Zebur 34:20

Ýahýa 19:31—33, 36

Böwrüni deşýärler

Zekerýa 12:10

Ýahýa 19:33—35, 37

Baýlaryň hatarynda jaýlanýar

Işaýa 53:9

Matta 27:57—60

Direlýär

Zebur 16:10

Resullar 2:29—31

Iudanyň ýerine başga resul saýlanýar

Zebur 109:8

Resullar 1:15—20

Hudaýyň sagynda oturýar

Zebur 110:1

Resullar 2:34—36

a Bir sözlükde: «Ýewreýleriň nesil daragty baradaky maglumatlar Iýerusalim şäheri weýran edilende ýok bolan bolmaly» diýilýär («McClintock and Strong’s Cyclopedia»).

b Ýewreýçe Emanuwel («Hudaý biziň bilendir») diýen at Isanyň Mesihdigini gowy suratlandyrýar. Isanyň ýer ýüzüne gelmegi hem-de eden işleri Hudaýyň öz halkyny unutmandygyny görkezýär (Luka 2:27—32; 7:12—16).

c «Nazaretli» diýen söz ýewreý dilindäki «netser» sözünden gelip çykyp, «baldak» diýmegi aňladýar.

d Isanyň b. e. 29-njy ýylynda Mesih edip bellenendigi barada köpräk bilmek üçin «Mesih barada Danyýeliň pygamberligi» diýen makalany okaň.

e Aslynda şu pygamberligi Zekerýa ýazypdy, ýöne Matta ony Ýermeýa pygamber aýtdy diýip ýazýar (Matta 27:9). Näme üçin? Käbir golýazmalaryň «Pygamberler kitaby» diýilýän böleginde Ýermeýa kitaby ilkinji durýar (Luka 24:44). Matta Ýermeýa pygamber aýtdy diýmek bilen, tutuş «Pygamberler kitabyna» salgylanan bolmaly, olaryň içinde Zekerýa kitaby hem bardy.