Köp aýal alsaň bolýarmy?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Hudaý belli bir döwürde erkek adamlaryň köp aýal almagyna ýol berdi (1 Musa 4:19; 16:1—4; 29:18—29). Emma adamlaryň köp aýala öýlenmekligi Hudaýyň başdaky niýetinde ýokdy. Ol Adam ata diňe bir aýal berdi.
Hudaý Isa pygambere erkek adamyň diňe bir aýala öýlenmelidigi baradaky düzgünini dikeltmäge ygtyýar berdi (Ýahýa 8:28). Isadan maşgala gatnaşyklary barada soranlarynda, ol şeýle jogap berdi: «Ýaradyjy ilkibaşda ynsany erkek we aýal edip ýaratdy... „Erkek adam ata-enesini goýup, aýaly bilen biriger we ikisi bir beden bolar“ diýlendir» (Matta 19:4, 5).
Soňra Isanyň şägirtleriniň biri Hudaýyň ylhamy bilen: «Her erkegiň öz aýaly, aýalyň hem öz äri bolsun» diýip ýazdy (1 Korinfliler 7:2). Şeýle-de Mukaddes Kitapda mesihçiler ýygnagynda jogapkärli borçlary ýerine ýetirýän maşgalaly adamlaryň diňe «bir aýalyň äri» bolmalydygy aýdylýar (1 Timoteos 3:2, 12).