Mukaddes Kitapda Isa pygamberiň durmuşy hakda aýdylýan zatlar dogrumy?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Mukaddes Kitapda Isanyň durmuşy hakda beýan eden Luka: «Men bolan zatlaryň ählisini başdan-aýak jikme-jik barladym» diýip ýazdy (Luka 1:3).
Köp adamlar Isanyň döwürdeşi bolan Mattanyň, Markusyň, Lukanyň hem-de Ýahýanyň ýazan dört hoş habarynda Isanyň durmuşy barada aýdylýan zatlaryň b. e. 300-nji ýyllarynda üýtgedilendigini aýdýarlar.
Emma 1900-nji ýyllaryň başynda Müsürde Ýahýa resulyň hoş habarynyň wajyp golýazmasy tapylýar. Bu golýazma başgaça Raýlendzyň papirusy 457 (P52) hem diýilýär. Ol häzire çenli Angliýanyň Mançester şäherindäki Jon Raýlendzyň kitaphanasynda saklanýar. Golýazmada häzirki Mukaddes Kitapdaky Ýahýa 18:31—33, 37, 38-nji aýatlar bar.
Ol Injil kitabynyň iň gadymky golýazmasy hasaplanýar. Alymlaryň köpüsi onuň takmynan b. e. 125-nji ýylynda ýazylandygyny aýdýarlar. Diýmek, bu golýazma asyl nusganyň ýazylanyna bary-ýogy 25 ýyldan gowrak wagt geçensoň ýazylypdyr. Ondaky ýazylan zatlar soňky golýazmalar bilen hem sözme-söz diýen ýaly deň gelýär.