Mukaddes Kitapda jynsy gatnaşykdan lezzet almak ýazgarylýarmy?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Mukaddes Kitapda jynsy gatnaşykdan lezzet almak ýazgarylmaýar. Gaýtam, oňa Hudaýyň är-aýala beren sowgady diýilýär. Hudaý «erkek we aýaly» ýaradanda, munuň «juda gowudygyny gördi» (1 Musa 1:27, 31). Ol Adam ata bilen How enäni birikdirende, «olaryň ikisiniň bir ten bolýandygyny» aýtdy (1 Musa 2:24). Şeýle gatnaşyk olaryň bir-birine duýgy taýdan ysnyşyp, jynsy gatnaşykdan lezzet aljakdygyny görkezýär.
Mukaddes Kitapda ärleriň nika gatnaşygyndan alýan lezzeti barada: «Ýaşlygyň aýaly bilen şatlan... Onuň göwüsleri her wagt seni doýursyn; onuň söýgüsinden mydama serhoş bol» diýilýär (Nakyllar 5:18, 19). Hudaý aýallaryň hem nika gatnaşygyndan lezzet almagyny isleýär. Şol sebäpli Injilde: «Erkek adam aýalynyň öňündäki borjuny ýerine ýetirsin. Şonuň ýaly-da aýal hem adamsynyň öňündäki borjuny ýerine ýetirsin» diýilýär (1 Korinfliler 7:3).
Hudaýyň goýan çägi
Hudaýyň kada-kanunyna görä, jynsy gatnaşyk diňe durmuş guran är-aýalyň arasynda bolmaly. Ýewreýler 13:4-de: «Hemmeler nika hormat goýsun. Är-aýal bir-birine ikilik etmesin, sebäbi Hudaý ahlaksyzlyk edýän adamlary we zynahorlary höküm eder» diýilýär (Ýewreýler 13:4). Är-aýal bir-birine wepaly bolmaly. Olar zerurlyklaryny kanagatlandyranda, öz bähbidini gözlemän, gaýtam: «Bermek almakdan has bagtly edýändir» diýen prinsipe eýerseler, has köp şatlyk alarlar (Resullar 20:35).